Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen

22-11-21

Halkymyzyň geçmiş edebiýatynda görnükli yz goýan şahsyýetleriniň hatarynda Mäne Baba ady bilen tanalan Abu Sagyt Abulhaýyryň ady hormat bilen ýatlanýar. Abu Sagyt Abulhaýyr 967-nji ý ylda Kaka etrabynyň Mäne obasynda her dürli müşk-anbarlary, atyrlary, däri-dermanlary ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dogulýar. Kakasy myhmansöýer, sahawatly adam bolansoň Abu Sagyt ýaşlygyndan kakasynyň gaşynda terbiýelenip, ýagşyzadalaryň, ylym-bilimden sowatly kişileriň söhbetlerini diňleýär. Şeýlelikde  ýaşlygyndan ylym ýoluna düşüp, Gurhany-Kerimi tutuşlygyna ýat beklýär.

Ol ömründe köp saparlar ýakynu-daş ýollara rowan bolmaly bolupdyr. ak ýollar Abu Sagyty maksadyna ýetiripdir, ol Mäne şäherinde bilim alansoň, bilimini çuňlaşdyrmak maksady bilen Saraha, soňra Merwe tarap ýola düşüpdir. Ol ýerde ylym-bilim alyp, Nişapurda öz döwrüniň şahsyýetleri Abu Abdylla al-Nazarydan,     Abdulhafyz Saragtydan, Abdyrahman Selimiden tälim alyp, kämillik derejesine ýetipdir.

 Mäne Baba öz döwründe ençeme meşhur alymlar bilen döredijilik gatnaşyklaryny saklapdyr. Olaryň biri öz döwrüniň meşhur alymy Ibn Sinadyr. Bir sapar olar Nişapurda duşuşypdyrlar. Şol ýerde dünýäniň iki ägirdi üç günläp hüjreden çykman dünýäniň ençeme meseleleri dogrusynda söhbet edipdirler. Halk  arasynda bar bolan gürrüňlere görä, şol söhbetdeşlikde Mäne Baba käsäni ýokaryk oklapdyr welin, ol ýere gaçman, howada doňup galypdyr. Şona ol “Seniň ynanýan kanunlaryň boýunça käse ýere gaçmaly, ýöne ol näme üçin ýere gaçmady?” diýip  Ibn Sinadan sorapdyr. Ibn Sina oňa: “Bu käsäniň ýere gaçmagyna seniň erkiň päsgel berdir” diýip jogap beripdir.

Iki şuh hüjreden çykanda, sopular olaryň daşyny gurşap alypdyr. Şonda bir sopy Ibn Sinadan Mäne Babany nähili görendigini sorapdyr. Ibn Sina sowal bereniň egnine ellerini goýup şeýle diýipdir: “Diwara urulýan çüýi gördüm, ýöne urup duran eli görmedim. Täret kylansoň ol boş kündügi goýupdy, men ýerimden turup täret kylmak üçin kündügi aljak bolanymda, hiç kim oňa suw guýmasa-da, kündügiň doly durany maňa aýan boldy. Siziň şyhyňyz meniň ähli bilýän zatlarymy görýär”.

Mäne Babadan Ibn Sina hakynda soranlarynda ol hem şeýle jogap beripdir: “Ol biziň görýän zatlarmyzyň ählisini bilýär”.

Şol sapar Mäne Baba darajyk köçäniň ugrunda ak pata bilen iki elini uzadyp hoşlaşyp: “Ýollar paýandaz bolsun!” diýip, Ibn Sinany ak ýola salypdyr.

Jennet ORAZOWA, 
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instututynyň mugallymy.

Hormatly awtor, sizden "Türkmeniň ýüpek ýoly" gazetiniň elektron görnüşine abuna bolmagyňyzy haýyş edýäris.

BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAR ARKADAGLY ZAMANA

Bu günki gün ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz — Gahryman Arkadagynyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar. Ösüşleriň aýdyň ýolundan ýöräp, belent maksatlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha belende galýan halkara abraýyny, gazanýan uly üstünliklerini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.


161aa827e8d295.jpeg
BITARAPLYK — ABADAN DURMUŞYŇ KEPILI

Parahatçylygy pugtalandyrmak bilen halkara gatnaşyklaryna giň gerim berýän Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly laýyklykda,şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işleri maksada laýyk durmuşa geçirýär. Bu bolsa, Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen ynanyşmak esasynda syýasy, ykdysady, gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga giň mümkinçilik berýär.


«ÝOLA GERIM GEREK, ÝIGIDE – DOST»

Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Dostluk asylly häsiýetleriň jemidir» diýip jaýdar belleýär. (sah-167). Eziz Arkadagymyzyň dostluk hakdaky taglymatyndan ugur alnyp, gürrüň açjak şu wakalarymyz hem ata-babalarymyza mahsus bolan dost-doganlyk hakynda, mähriban okyjy.


HEMIŞELIK BITARAPLYK — MIZEMEZ GYMMATLYGYMYZ

Garaşsyz Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň agzasy bolan 185 döwletiň goldamagynda hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi açyldy. Şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ikinji gezek ykrar edildi.


Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen

Halkymyzyň geçmiş edebiýatynda görnükli yz goýan şahsyýetleriniň hatarynda Mäne Baba ady bilen tanalan Abu Sagyt Abulhaýyryň ady hormat bilen ýatlanýar. Abu Sagyt Abulhaýyr 967-nji ý ylda Kaka etrabynyň Mäne obasynda her dürli müşk-anbarlary, atyrlary, däri-dermanlary ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dogulýar. Kakasy myhmansöýer, sahawatly adam bolansoň Abu Sagyt ýaşlygyndan kakasynyň gaşynda terbiýelenip, ýagşyzadalaryň, ylym-bilimden sowatly kişileriň söhbetlerini diňleýär.

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.