BITARAPLYK — ROWAÇLYGYŇ KEPILI
10-12-24

Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 29 ýyllygyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hem-de BMG tarapyndan ykrar edilen dünýäniň ýeke-täk bitarap ýurdy bolan eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygynyň dabaralaryna badalga berildi.
Bilşimiz ýaly, biziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar.
Hemişelik Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli Maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy maslahatlar geçirilýär. Iri önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly täze desgalar dabaraly ýagdaýda açylýar, baý öwüşginli, medeni-jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli diplomatik strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde, Türkmenistan netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyz halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen, halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň 150-den gowragyna işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy täze ösüşlere eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 185 döwletiň goldamagynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy degişli Kararnamany kabul edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ikinji gezek ykrar etdi. Bu Kararnamada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitiň ýurtlary we beýleki döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigi, Türkmenistanyň işjeň we oňyn orny eýeleýändigi bellenilýär.
Umuman, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitde durnuklylygyň saklanmagyna hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzy çäksiz buýsanja besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyz berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny älem-jahana dabaralandyrýar.
Her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu sene Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar, çünki şol seneden soň biziň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşiniň täze tapgyry başlandy. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesi, türkmen halkynyň Milli Lideriniň abraýly halkara maslahatlarynyň münberlerinden yglan edýän döwrüň talap edýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde ýyl-ýyldan barha uly goldawa eýe bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan netijeli hem-de ýokary derejede üstünlikli döwletara gatnaşyklar üçin esas bolup durýar. Ol bolsa adamzadyň bähbitlerine kybap gelýär. Mundan başga-da, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgesi ýurdumyza ykdysady taýdan gülläp ösüş ýoly bilen ynamly gitmäge mümkinçilik berip, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň binýadyna öwrüldi.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Jahan LAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy, l.y.k.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.