HALKARA HYZMATDAŞLYK GATNAŞYKLARY ROWAÇLANÝAR
23-11-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary rowaçlanýar. Türkmenistan mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen dünýä halklarynyň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň, birek-birege ýakyndan ýardam bermek meýilleriniň amala aşmagyna gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllyk toýuna barýar. Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Hemişelik Bitaraplyk derejesi eziz Watanymyzyň häzirki döwürde dünýä ýüzünde il-uluslaryň we Zeminiň geljegi hakyndaky wezipeleriň maksadalaýyk çözgütleriniň üpjün edilmeginde esasy ornuny kesgitleýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine hem gönükdirilendir» diýip ýazýar.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý maslahatynyň wise-başlyklygyna saýlanylandygy bellärliklidir. Munuň özi geçen ýyl hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesini belleýän Watanymyzyň ýokary halkara abraýyna, mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan döredijilikli daşary syýasat ugrunyň giň goldawa we ykrarnama mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyz özüni BMG-niň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde tanadyp, strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini iş ýüzünde tassyklaýar.
Baş Assambleýanyň mejlisindäki çykyşynda döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady hem-de energetikany, ulag, senagat we söwda ulgamlaryny möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 75-nji mejlisiň barşynda Türkmenistanyň energiýanyň iberilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň halkara-hukuk guralyny döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýe bolmagynda galýar. Türkmenistan ulag meselesi babatda giň halkara gatnaşyklaryň başyny başlaýjylaryň biri hökmünde adatdan daşary ýagdaýlaryň döwründe halkara ýük daşalaşyny üpjün etmek meselelerine garamagy teklip edýär. Türkmen tarapyndan Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň degişli taslamasy taýýarlanyp, ol BMG-ä agza ýurtlaryň garamagyna iberildi.
Il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli şeýle ajaýyp işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Oguljahan AHMEDOWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň Ýewropa diller we edebiyaty fakultetiniň talyby.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
BAGTYÝARLYGYŇ TÄZE BELENTLIKLERI
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şaýolly taryhynda harby, durmuş-ykdysady we medeni-ruhy ösüşler yzygiderli täze basgançaklara göterilýär. Biziň mukaddes Watanymyzda her bir ýyly döwrebap, çeňňekli we çeňňeksiz mazmun bilen şöhlelendirmek, milli buýsanjymyzy arşyň belentliklerine galdyrmak asylly ýörelgä öwrüldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.