PARAHATÇYLYK — BAKY BAGTYMYZ
23-11-21
Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli syýasatlarynyň çuňňur many-mazmunyny aýdyň ýüze çykarýar. Bu bolsa raýatlaryň abadançylygynyň hatyrasyna ýurdy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ýörelgeleriniň maksada okgunly, yzygiderli we anyk durmuşa geçirilýändigini doly äşgär edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglydygyna, umumadamzat ähmiýetli asylly başlangyçlaryň gözbaşynda durandygyna şaýat bolýarys. Jemgyýetiň aň kämilligini gazanmak we yzygiderli ösdürmek derwaýyslygynyň her bir sagdyn, kuwwatly, ösen döwlet üçin hiç haçan öz ähmiýetini ýitirmeýändigi baradaky hakykaty biziň ählimiz bilýäris. Bu wajyplygy hemişe üns merkezinde saklamak ýurduň ösüşini doly üpjün edýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň ýeten belentlikleri, syýasy, ykdysady we medeni taýdan gazanan üstünlikleri ençeme on ýyllyklaryň, belkide asyryň dowamynda eýelenýän belent sepgide, gazanylýan ösüşe barabar bolup durýar. Ähli ösüşleriň binýady bolan ylym-bilime berilýän aýratyn üns ýurdumyzyň geljeginiň röwşendigine, beýikdi-gine doly şaýatlyk edýär.
Ylmyň dürli ugurlary boýunça iň täze gazanylan netijeler, açyşlar barada talyplaryň we mugallymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň her bir ylmy işgäriniň maglumat alyp bilerleri ýaly internet ulgamynyň giňişleýin ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda zehinli ýaşlar ylmy işleri ýerine ýetirmäge köpçülikleýin çekilýär. Olaryň başarnyklaryny ýüze çykarmak, mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ylmy düşünjelerini ösdürmek üçin ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag edaralarynda alymlary, ylmy işgärleri, professor-mugallymlary taýýarlamak we olaryň hünär derejesini kämilleşdir-mek maksady bilen, bu işde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň tejribesinden netijeli peýdalanmak üçin giňişleýin hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Täze döwrüň aňyýetiniň, ruhy-ahlak esaslarynyň kemala geliş ýollaryny öwrenmek, seljermek bilen, biz gadymdan gelýän milli ýörelgeler arkaly häzirki zaman aňyýetiniň sazlaşygyny gazanmakda bitirilen işlere, zamanabap dünýägaraýşyň mazmunyna göz ýetirmäge mümkinçilik alýarys. Bu bolsa, milli Liderimiziň bagtyýarlyk taglymatynyň gymmatyna düşünmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şöhratly zamanamyzyň her ýyly, her bir aý-güni ýatda galyjy toý-baýrama, şanly wakalara beslenýär. Gadymy türkmen topragy sözüň doly manysynda parahatçylygyň, beýik ösüşleriň ýurduna öwrüldi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri türkmen jemgyýetiniň we türkmen döwletiniň öňe çykaran iňňän kämil ideologiýasyny, ylmy-filosofik jähetden taraşlanan we esaslandyrylan aýdyň hem röwşen ýörelgesini baýdak edinip, täze çuňňur many-mazmun bilen baýlaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli belleýşi ýaly, türkmen halky bu ýörelgäniň biziň döwrümize mahsusdygyny duýýar hem-de ony doly goldaýar. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bir başa bakmak ýol-ýörelgesiniň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr.
Ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan uly üstünlikler türkmen halkynyň bitewi, Garaşsyz, ykdysady taýdan kuwwatly hem-de gülläp ösýän döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwlarynyň durmuşa geçmeginde uly ähmiýete eýedir. Eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürip, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşan, halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, türkmen halkynyň röwşen geljeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!
Gülruh MÄMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň Tikin önümçiligi kafedrasynyň mugallymy.
Abuna tassyklaýyş kody: 26452
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.