Bitaraplyk – milli gymmatlygymyz

10-12-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe konwensiýalaryna goşulyşyp, öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça öňe sürülýän netijeli başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar.

Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde agza döwletleriň 185-niň biragyzdan goldamagy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Rezolýusiýa, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa 69-njy mejlisde 193 döwletiň goldamagynda bu Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi bolsa taryhy waka öwrüldi. Şeýle hem geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty» hakyndaky Kararnamanyň kabul edilendigini ýatlamak diýseň buýsandyryjy.

Hemişelik Bitaraplyk baýramymyzyň halkara derejesine eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasatynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolan taryhy gününden bäri 29 ýyl dolýar. Taryh üçin gysga bolan bu döwürde dünýä ähmiýetli, bütin adamzat bähbitli işleriň ençemesi amala aşyrylyp, Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýy has-da berkidildi.

Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmeklik eziz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň esasy özenini düzýär. Şunda esasan hem Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny nygtap bileris. Bu babatda BMG-niň Çagalar gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet işleri baradaky hem-de beýleki guramalary bilen hyzmatdaşlygyň has-da artýandygy guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäde parahatçylyk söýüji, ähli ýerde parahatçylygyň rowaçlan-magyna goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Bitaraplyk güni Garaşsyz döwletimiziň ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senedir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, hemişelik Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şöhrat-mertebesini dünýä ýaýýan gymmatlykdyr.

Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin giň mümkinçiliklere ýol açan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň milli guwanjydyr we mertebesidir. Şonuň üçin hem, Türkmenistanyň her bir raýaty Watanyny egsilmez söýgi bilen söýmelidir. Sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmegiň umumadamzat ähmiýetini ýaýbaňlandyrmakda taýsyz tagallalary edýän hormatly türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Guwanç SAPAROW,
Türkmenistanyň Inžener tehniki ulag komminikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.