Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda täze awtoterminalyň gurluşygy alnyp barylýar
24-11-21
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan Daşoguz şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda döwrebap täze ýolagçy awtoulag terminalyny gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Bu ýerde tehniki maksatly dürli jaýlar, şon sanda transformator, awtobuslar üçin awtoýuwalga, suw howdany we beýlekili gurulýar. Täze binanyň baş binasynyň binýady demir desgalary oturtmak üçin taýýarlanypdyr. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.
Taslama laýyklykda, awtoterminal üç gektar meýdany tutar. Ol merkezi şäher bazarynyň golaýynda gurulýar we ýoluň beýleki tarapynda ýerleşýän häzirki zaman işewürlik merkeziniň ak mermerli binalary bilen bir bitewi binagärlik ansamblyny emele getirer. Iki gatly binada garaşma otagy, ýolagçy ulagynyň ähli görnüşleri üçin bilet kassalary, maglumat hyzmaty we ammar otaglary ýerleşer. Sekizburçly ýyldyz görnüşinde gurlan awtoterminalyň awtobuslara we ýapyk taksi duralgalaryna amatly çykyşy bolar.Bu desga ýanaşyk meýdançalaryň ählisinde agaç oturdylar we abadanlaşdyrylar. Bu ýerden rahat awtobuslar bilen sebitiň we ýurduň dürli künjeklerine ýolagçy gatnatmagy amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň ähli sebitinde bolşy ýaly, uly döwlet maýa goýumlary saýasynda Daşoguz welaýatynda ýol-ulag infrastrukturasy yzygiderli kämilleşýär. Ulag infrastrukturasyny häzirki zaman ülňülerine laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, häzirki wagtda sebitde ýükleriň we ýolagçylaryň çalt we amatly daşalmagyny üpjün edýän awtoulag ýollarynyň ulgamy, döwrebap howa we demir ýol menzili bar.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.