Kerkide ýylyň başyndan bäri 160 hojalyga öý telefony gurnaldy
24-11-21
Ilatyň sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden we aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmekleri üçin amatly şertleriň uly topary döredilýär. Hyzmatlaryň sanawynyň ýylsaýyn giňemegi, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullarynyň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyp başlanmagy ildeşlerimizi begendirýär.
Aragatnaşyk hyzmatyny gowulandyrmak üçin Kerki etrabynda hem tutanýerli işler alnyp barylýar. Ilatyň barha ösýän islegleri nazarda tutulýar. Şu güne çenli telefon nokatlaryndan peýdalanýan hojalyklaryň sany 16998-e ýetdi. Ýylyň başyndan bäri täze mekan tutunan ýaşaýjylaryň 160-synyň telefon gurnamaga bolan haýyşy kanagatlandyryldy. Etrabyň çäginde internet ulgamy hem ösýär. Häzirki wagtda ýaşaýjylaryň 3095-si internet ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanýar.
https://turkmenportal.com/tm/blog/41749/kerkide-shu-yylyn-bashyndan-bari-160-hojalyga-oy-telefony-gurnaldy
Türkmenistan 2027-nji ýylda BMG-niň edaralarynyň işine gatnaşygyny berkidýär
2027-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) edaralarynyň we köptaraplaýyn mehanizmleriniň işine gatnaşmagy durnukly ösüş, halkara söwda, durmuş syýasaty, ilat we ösüş, ylym, tehnologiýalar hem-de sport ugurlaryny öz içine alar. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan çap edilen sanawda ýurduň agzalyk möhletleri we başlyklyk ygtyýarlyklary barada maglumatlar jemlenip, onuň BMG-niň ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň giň gerimi görkezilýär.
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
3-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Halkara forum ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde möhüm orun eýeleýän pudaklaryň mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglandy
30-njy oktýabrda Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidentine Hajattepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesi berildi
30-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankaradaky Hajettepe uniwersitetine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktor derejesini bermek dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Hazarüsti ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini nygtady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XIII sammitinde eden çykyşynda Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini we bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.