Poçta aragatnaşygynyň kanunçylyk binýady
25-11-21
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019‒2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we Arkadag Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda we 14-nji aprelinde Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýan wezipeleri kanunçykaryjy edaranyň wekilleri üçin işde möhüm gollanma bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň ähli tagallalaryny döwlet bilen jemgyýeti, her bir şahsyýeti sazlaşykly ösdürmäge we olaryň bähbitleriniň deň bolmagyny üpjün etmegi, ýurduň hukuk ulgamyny berkitmegi hem-de kämilleşdirmegi, halkara guramalary we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýan kanunlary işläp taýýarlamaga gönükdirmelidigini yzygiderli belläp geçýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on bäşinji maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde taýýarlanylan Türkmenistanyň kanunlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada uly işler durmuşa geçirilýär. Ilkinji milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy netijesinde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän telekommunikasion aragatnaşyk ulgamynyň işini ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler we şertler döredildi. Ýurdumyzyň raýatlaryny ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün etmekde, köpugurly poçta hyzmatlaryndan peýdalanmakda hem uly mümkinçilikler döredilýär. Poçta hyzmatlarynyň möçberleri yzygiderli artýar. Bu hyzmatlaryň hili hem ýokarlanýar.
Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda «Ýurdumyzda poçta ulgamynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, poçta işiniň taraplarynyň hukuklaryny hem-de borçlaryny we bu ugurda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, ulgamyň hukuk esasyny kämilleşdirmeli.» diýip beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanylan «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan, ilata halkara ölçeglerine laýyk gelýän poçta we beýleki aragatnaşyk hyzmatlarynyň hödürlenilmegini üpjün etmek barada edýän tagallalaryndan ugur alyp, poçta işiniň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan taýýarlanylan «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmäge, şeýle hem häzirki döwürde poçta aragatnaşyk ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge, poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.
Kanuna laýyklykda poçta aragatnaşygy poçta ugratmalarynyň, pul serişdeleriniň, şol sanda beýleki maksatlaýyn tölegleriň kabul edilmegini, işlenip taýýarlanylmagyny, saklanylmagyny, daşalmagyny, eltip berilmegini (gowşurylmagyny) hem-de beýleki poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän aragatnaşygyň görnüşi bolup durýar.
Kanuna laýyklykda poçta aragatnaşyk hyzmatlary köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlary, bellige alynýan poçta ugratmalaryny ibermek boýunça hyzmatlar, tizleşdirilen we çapar poçta aragatnaşyk hyzmatlary, pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimleri, döwürleýin neşir önümleriniň abuna ýazylyşygy we bölek satuw arkaly ýaýradylmagy boýunça hyzmatlar, ýerine ýetirilmegi poçta aragatnaşyk hyzmatlary bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan beýleki hyzmatlara bölünýär.
Kabul edilen Kanunda poçta aragatnaşygy babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, poçta aragatnaşygy babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edaranyň, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň öz ygtyýarlygynyň çäklerinde poçta aragatnaşygy babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar hökmünde olaryň ygtyýarlygy anyk kesgitlenildi.
Kanunda peýdalanyjylaryň esasy hukuklary we borçlary giňişleýin beýan edildi. Peýdalanyjylaryň Kanuna laýyklykda poçta aragatnaşygynyň operatory hakynda, ýerine ýetirilýän poçta aragatnaşyk hyzmatlary hakynda, poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň nyrhnamalary hakynda, poçta ugratmalaryny Türkmenistanyň çäginde ibermegiň we eltip bermegiň möhletleri, poçta ugratmalaryny Türkmenistanyň çäginiň daşyna ugratmagyň we eltip bermegiň çaklanylýan möhletleri hakynda, iberilmegi gadagan edilen zatlar we harytlar hakynda, poçta aragatnaşyk obýektleriniň iş tertibi hakynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elýeterliligi, ýaýradylmagy we berilmegi çäklendirilmedik beýleki maglumatlary almaga hukugy bardyr.
Peýdalanyjylar ýazmaça habarlary ibermek üçin bellenen görnüşdäki poçta bukjalaryny, poçta kartoçkalaryny ulanmaga, poçta gutusynyň içine doly tölenen ýazmaça hat-habarly bukjalary atmaga, poçta ugratmasyny salgylandyrmaga we gaplamaga, poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerine laýyklykda, poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan resminamalary doldurmaga, gadagan edilen zatlaryň we harytlaryň iberilmegine ýol bermezlige borçly bolup durýar.
Kanunda poçta howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky kadalar göz öňünde tutulýar. Poçta howpsuzlygy peýdalanyjylaryň, operatorlaryň we olaryň işgärleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goraglylygyny, poçta aragatnaşygynyň obýektleriniň we serişdeleriniň, şeýle hem operatorlar tarapyndan peýdalanyjylardan kabul edilen poçta ugratmalarynyň, pul serişdeleriniň hem-de operatorlara eltip bermek üçin berlen neşir önümleriniň abat saklanylmagynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň toplumyny öz içine alýar.
Milli operatoryň poçta howpsuzlyk ulgamy poçta, gulluk we täjirçilik syrlarynyň, poçta ugratmalarynyň rugsatsyz elýeterlilikden goralmagynyň, poçta ugratmalarynyň we pul serişdeleriniň ýitirilmeginiň we ogurlanylmagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň, poçta ugratmalarynda gadagan edilen zatlaryň we harytlaryň ugradylmagyna ýol berilmezligiň, şeýle hem ulanylýan maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Şeýle hem kanunda poçta syrynyň üpjün edilmegi barada kadalar beýan edilýär. Her bir peýdalanyja poçta syryna bolan hukuk döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Ol hukugyň çäklendirilmegine diňe gönüden-göni Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ýagdaýlarda we tertipde ýol berilýär.
Kanunda bellige alynýan poçta ugratmasy bolup durýan pul serişdeleriniň poçta arkaly geçiriminiň Türkmenistanyň milli manadynda kabul edilmegi, pul serişdeleriniň poçta arkaly geçiriminiň tertibiniň we oňa bildirilýän talaplaryň poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleri bilen bellenilmegi, şeýle hem pul serişdeleriniň daşary ýurt döwletleriniň çägine poçta arkaly geçiriminiň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýandygy baradadaky talaplar häzirki şertlerde raýatlarymyza edilýän hyzmatlary kämilleşdirmekde aýratyn möhüm bolup durýar. Poçta geçirimlerini amala aşyrmak üçin pul serişdelerini kabul etmek nagt we nagt däl görnüşlerde geçirilýär. Nagt däl görnüşde pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimi operatoryň bank hasabyna pul serişdeleri we hyzmat üçin ýygym gelip gowşandan soň amala aşyrylýar.
Şeýle hem döwürleýin neşir önümlerini abuna ýazylyşygy boýunça ýaýratmak boýunça kadalaryň bellenilmegi, operatoryň kagyz ýa-da elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň ýeke-täk sanawyny ýöretmegi, döwürleýin neşir önümini kabul etmek, işläp taýýarlamak, daşamak, peýdalanyja eltip bermek ýa-da döwürleýin neşir önümini peýdalanyjynyň elektron poçtasyna elektron görnüşde ugratmak, milli we daşary ýurt döwürleýin neşir önümlerine abuna ýazylyşygyny operator ýa-da peýdalanyjy tarapyndan poçta aragatnaşyk obýektleriniň ýa-da internet çeşmeleriniň üsti bilen amala aşyrylmagy häzirki sanly ykdysadyýete geçilýän döwürde bu Kanunyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Kanunda poçta aragatnaşygy babatda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň Türkmenistanyň goşulyşan halkara şertnamalarynyň kadalaryna we Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna laýyklykda amala aşyrylýandygy kanunçylyk taýdan berkidilýär. Kanuna laýyklykda halkara poçta alyş-çalşygy we halkara poçta üstaşyr geçirmesi Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna we şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.
Milli kanunçylygyň taryhynda ilkinji gezek kabul edilen «Poçta aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen okgunly ilerletmek boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmäge, bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzyň poçta aragatnaşygyna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, poçta aragatnaşygynyň hukuk binýadynyň berkemegine ýardam eder.
Baýmyrat BABAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Paýtagtymyzda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Belarus Türkmenistany eksport üçin möhüm üstaşyr ugur hökmünde görýär
Türkmenistan Eýranyň we Hindistanyň bazarlaryna çykalgasy bolan belarus harytlarynyň eksporty üçin üstaşyr ugurlary giňeltmekde möhüm orun eýeläp gelýär. Bu barada Belarus demir ýol edarasynyň ýük we daşary ykdysady gatnaşyklar gullugynyň başlygy Sergeý Pristawka “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistan, Eýran we IRU üstaşyr howpsuzlygy güýçlendirmek üçin Ähtnama baglaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Eýranyň Gümrük dolandyryş edarasy we Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) sişenbe güni “ITTC 2024” halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady.
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.