Hemişelik Bitaraplyk – berkararlygyň gözbaşy
10-11-25
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryna badalga berildi. Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Bilşimiz ýaly, biziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar.
Hemişelik Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli Maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy maslahatlar geçirilýär. Iri önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly täze desgalar dabaraly ýagdaýda açylýar, baý öwüşginli, medeni-jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli diplomatik strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde, Türkmenistan netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyz halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen, halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň 150-den gowragyna işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy täze ösüşlere eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 185 döwletiň goldamagynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy degişli Kararnamany kabul edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ikinji gezek ykrar etdi. Bu Kararnamada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitiň ýurtlary we beýleki döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigi, Türkmenistanyň işjeň we oňyn orny eýeleýändigi bellenilýär.
Umuman, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitde durnuklylygyň saklanmagyna hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzy çäksiz buýsanja besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyz berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny älem-jahana dabaralandyrýar.
Her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu sene Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar, çünki şol seneden soň biziň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşiniň täze tapgyry başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesi, türkmen halkynyň Milli Lideriniň abraýly halkara maslahatlarynyň münberlerinden yglan edýän döwrüň talap edýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde ýyl-ýyldan barha uly goldawa eýe bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan netijeli hem-de ýokary derejede üstünlikli döwletara gatnaşyklar üçin esas bolup durýar. Ol bolsa adamzadyň bähbitlerine kybap gelýär. Mundan başga-da, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgesi ýurdumyza ykdysady taýdan gülläp ösüş ýoly bilen ynamly gitmäge mümkinçilik berip, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň binýadyna öwrüldi.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Döwlet KERIMOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.