Bitaraplyk – parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili

12-12-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan parasatly daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistan döwletimiziň daşary gatnaşyklarda öňe sürýän esasy ugrunyň “Açyk gapylar” syýasaty bolmagy dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan ähli ugurlary berjaý etmekde hem uly ähmiýete eýedir.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Şol gün BMG-niň baş edara jaýynda Türkmenistanyň wekilhanasy işläp başlady. Ol bolsa Garaşsyz ýurdumyzyň özüniň hemişelik Bitaraplygyny gazanmaga bolan ilkinji ädimleriniň biri boldy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň gymmatlygydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýnyň ýokarydygyny görkezýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistan döwletimiz BMG bilen özara gatnaşyklary has-da ösdürmek bilen, Milletler Bileleşigi tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan, ählumumy ykrar edilýän halkara hukuk kadalaryna yzygiderli eýerýär. Dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça ýola goýulan gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe bolýar. Ak mermerli paýtagtymyzda 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, şeýle-de halkara duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň geçirilmegi köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barha giň gerime eýe bolýandygyny we onuň sebitde parahatçylygy berkitmekde netijeli orun eýeleýändigini tassyklaýar.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Bitaraplyk syýasaty bolsa dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň bitaraplyk daşary syýasat ugruna ýokary baha berýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy mejlisinde bolsa, dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasynyň gaýtadan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Mälim boluşy ýaly, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka ýurdumyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjin etmäge uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şonuň ýaly-da, şeýle ýokary derejedäki çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini we onuň hemişelik bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun tutýanlygyny görkezdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren “Ösüş arkaly parahatçylyk” diýen ynsanperwer ýörelgesi döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Berkarar döwletimizde bu asylly işleri dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parahatsöýüjilik, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär.

Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Watanymyz dünýä bileleşiginiň işlerine we halkara ösüşiň gaýragoýulmasyz meselelerine örän işjeň gatnaşýar. Halkara gün tertibine girýän derwaýys meseleler, aýratyn-da, syýasy-diplomatik, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, sport, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýakyndan gatnaşýar. Geçen döwürde Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýokarda agzalan ugurlar boýunça 13 sany Kararnama kabul edildi.

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegine 29 ýyl dolýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, durnukly ösüşiň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde çykyş edip öňe süren parasatly başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar, Watanymyza söýgimizi has-da artdyrýar.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Şirinjemal ARAZMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.