Aragatnaşykçylaryň «Altyn Asyr» topary nobatdaky Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy
26-11-21
Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary Aşgabadyň «Köpetdagyny» 2:0 hasabynda utup, taryhynda ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy.
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk döwletimiziň çempiony bilen Kubogyny eýelän toparyň arasynda geçirilýär. Geçen ýyl «Altyn asyr» Türkmenistanyň çempionatynda we Kubogy ugrunda ýaryşda ýeňiş gazanypdy. Şonuň üçin hem üçünji ähmiýetli baýrak ugrunda göreşde ol 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda çykyş eden «Köpetdag» bilen duşuşdy.
Toparlar 2019-njy ýylda-da Türkmenistanyň Naýbaşy ugrunda duşuşypdylar. Şonda hem «Atyn asyr» 2:0 hasabynda utupdy.
Çempion bilen 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda çykyş eden toparyň oýny köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçirildi. Oýnuň birinji ýarymynda hasap açylmady.
Arakesmeden soň, 53-nji minutda Begmyrat Baýow toparyň kapitany Ahmet Ataýewiň meýdançanyň çep gyrasyndan uran jerime urgusyny kellesi bilen derwezä dürs gönükdirip, hasaby açdy. 68-nji minutda bolsa Selim Ataýew hasaby artdyrdy.
Netijede «Atyn asyr» topary Türkmenistanyň Superkubogyny eýeledi. Topary şeýle üstünlige Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew ýetirdi. Ol öz wagtynda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary bilen bu baýragy üç gezek eýeläpdi, indem bassyr ýedinji gezek «Atyn asyr» bilen üstünlik gazanýar.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.