YLYMLY, BILIMLI, HÜNÄRLI NESIL
03-10-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyz ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýar. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmagy zerur wezipe hökmünde aýratyn nygtamak isleýärin. Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir. Ylmy döredijiligiň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy üçin daşary ýurtlar bilen ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna üns bererin» diýip, parasatlylyk bilen bellemegi, ähli ösüşleriň özeniniň ylym öwrenmek, bilim almak bilen baglydygyny aňladýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ylmy döwlet tarapyndan goldamak, täze tehnologiýalary we innowasiýalary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, halkara ölçeglerine laýyk gelýän, berk binýatly, häzirki zaman ylym ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym ulgamynda başyny başlan düýpli özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda ylym ulgamy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, döredijilik bilen meşgullanýan ýaş nesil kemala geldi. Täze taryhy eýýamda täzeçil usullardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly hem-de häzirki zaman ylmyna, oňyn pikirlenmelere ygrarly ýaş nesilleriň ýetişmegine möhüm ähmiýet berilýär.
«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda türkmen diliniň döwlet dili hökmünde okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidigi bellenilendir. Türkmenistanda okuw işi, ilkinji nobatda, türkmen dilinde alnyp barylýar. Bilimi amala aşyrmagyň gurluşyndan, dolandyrylyşyndan we maksadyndan ugur alnyp okatmagyň esasy dilinden başga-da, daşary ýurt dillerinden biri ulanylyp bilner.
Bilim ösüşiň, ýaşlar bolsa geljegimiziň binýadydyr. Hut şoňa görä-de, hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ýaşlaryň döwrebap bilimlerden habarly, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmekleri üçin uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri netijesinde, täze-täze okuw mekdepleri gurup ulanylmaga berilýär. Okuw meýilnamalaryna we maksatnamalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler girizilýär.
Hakykatda, munuň özi bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagydyr. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli ylym ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň özeni bolup durýar. Esasy Kanunymyza laýyklykda, döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar. Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine laýyklykda alnyp barylýar. Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär. Türkmeniň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň: «Ylym-taglym alan seni unutmaz» diýip, Mämmetweli Keminäniň: «Ylym bir daragtdyr» diýip, öz goşgularynda beýan etmegi olaryň ylym, bilim meselesini döredijilik işlerinde ünsden düşürmändigine şaýatlyk edýär. Asla, ata-babalarymyz ylym-bilim ugruna uly üns beripdirler. Diýmek, ata-babalarymyzyň döreden iň gadymy we gymmatly mirasy ýaş nesillere bilim, terbiýe bermek ýörelgesidir. Ylym, bilim, terbiýe almak uzak wagtyň we yhlasly zähmetiň miwesi hasaplanýar. Çünki, biziň eşretli hem-de bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýgözel MERDANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.