Köýtendag goraghanasy barada

22-04-23

1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredilen Köýtendag goraghanasy äpet Pamir-Alaý dag ulgamynyň Gissar gerşiniň bir şahasy bolan Köýten daglarynyň günbatar eňňidinde ýerleşýär.

Goraghananyň tutýan meýdany 27139 ga barabardyr. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady - Köýtendagyň we oňa golaý ýerleriň täsin tebigatyny goramakdan hem bozulan ekoulgamlaryny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň döredilmegi, juda seýrekligi üçin Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekesini goramak zerurlygy bilen baglydyr.

Goraghananyň we onuň töwereginiň klimaty hem edil tutuş tebigy keşbi ýaly diýseň özboluşlydyr. Ygallaryň ortaça bir ýyldaky mukdary 402 mm bolup, onuň möçberi dag eteklerinde azalyp, beýiklikde bolsa 700–800 mm ýetýär.

Bahar aýlary çagbaly ýagyş ýaganda, derelerde sil akymlary döreýär.Köýtendagyň ady onuň relýefiniň mahsus aýratynlygyny örän jaýdar häsiýetlendirýär. Ol “kuhi” diýen pars we “teň” diýen türk sözlerinden gelip çykyp, “geçmesi kyn dag” diýen manyny aňladýar. Hakykatdan hem bu daglyk ýerler köp sanly jülgedir dereler bilen dilkawlanandyr. Olaryň iň uzyny Hojailgazbaba (28 km). Has owadany çuňlugy 600 m çemesindäki Daraýyderedir. Onda grek hozundan, üzümden, kawkaz dagdanyndan, injirden, sütükli kerkawdan, zerawşan arçasyndan ybarat tokaýlyk ýerleşýär. Gün şöhlesi düşmeýän agaçlaryň aşagynda ýylyň bütin dowamynda sowuk dury suwly çeşme akyp ýatyr. Belentligi 27 m bolan täsin şaglawuk ýerleşýän, eňňitleri kert darajyk Umbardepe jülgesi görenleri aňk edýär.

Köýtendagyň ösümlik örtügi dag eteklerinde otjumak ösümlikler toplumynyň, ýokarda bolsa güýçli bozulan agaç we gyrymsy agaçlaryň zerawşan arçasynyň agdyklyk edýän guşaklygy ýerleşendir. Dagyň üstki böleginde ýassyk şekilli tikenli ýarymgyrymsy ösümlikler mesgen tutýarlar.

Goraghananyň florasynda pamir-alaý görnüşleri agdyklyk edýärler, beýleki görnüşleri hem hasaba alanyňda, bu ýerde 872 görnüşiň ösýändigi anyklanyp, şolaryň 10% -i diňe şu ýerlerde ösýän (endemik) görnüşlerdir (beýik çigildem, çomuç, çyryş we beýlekiler). Halk hem ylmy medisinada ulanylýan derman ösümlikleriniň hem 130-dan gowrak görnüşi duş gelýär. Gymmatly ösümliklerden Gordýaginiň kleomesi, Nikitiniň esparesti, beýik çigildem, Wiktoryň gaýrajy ýaly ösümlikler Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşirine girizildi.

Köýtendagyň haýwanat dünýäsi hem baý we dürli-dürlidir. Bu ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 (ýaşyl gurlawuk, köl gurbagasy), guşlaryň 100 (sakgally garaguş, gajar, dazzarkel, mazar garaguşy, sähra garaguşy, gyrgy, depe syçançysy we başgalar) we süýdemdirijileriň 40-a golaý görnüşi duşýar. Juda seýrek we gymmatly haýwanlaryň görnüşlerinden gara leglegi, uzynguýruk siňekçini, hindi ütelgisini, goňur aýyny, geçigaplaňy, burma şahly dag tekesini, köýten kör ýalaňaç balygyny we başgalary ýatlamak bolar.

Goraghana umumy meýdany 90 müň ga çemesi bolan üç sany Garlyk, Hojapil, Hojaburjybelent zakaznikleri degişli. Köptaraplaýyn Garlyk zakaznigi (40 müň ga) Köýtendagyň günorta ýapgydyny we Amyderýa çenli daglyk ýerleri öz içine alýar.

Bulardan başga-da bu ýeri dag jynslarynyň ýalaňaç gatlagyna has hem gumdaşlarynyň gyzylreňdäki gatlaklaryna baýdyr we belli botanik M.G. Popow “Tutuş landşaft ajaýyp gyrmyzy gyzyl reňkde, ýalpyldap duran gök asman bolsa, bu künjegi dürli reňklerden dolduryp gözellik berýär” diýip belläp geçýär.

Taýýarlan Haýdar GULAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.