Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezidir
29-11-21

Mälim bolşy ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugry hasaplanýan ulag ulgamy milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ýoly bilen durnukly ösmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ulaglar ulgamy dünýäni ählumumylaşdyrmak hadysasynda ýollary, ýurtlary ýakynlaşdyrmakda hem-de halklary dostlaşdyrmakda aýratyn orny eýeleýär, ählumumy ykdysady gatnaşyklaryň möhüm şertine öwrülýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gurulýan awtomobil, deňiz-derýa, howa, demir ýol ulgamlary diňe Türkmenistan döwleti üçin bähbitli bolman, Gündogar we Günbatar ýurtlary üçin hem derwaýysdyr. Türkmenistan häzirki wagtda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezi bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk laýyklykda alyp barýan ynsanperwer daşary syýasaty netijesinde alys ýollar ýakynlaşyp, syýasy we ykdysady taýdan täze ösüşe eýe bolýandygyny beýan etmek, öwrenmek şu ylmy makalanyň maksady bolup durýar.
XXI asyrda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeltmek ugrunda alyp barýan işleri dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe boldy. Durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen tarapyndan teklip edilen taslamalarynyň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzir Bitarap döwletimiz ulagyň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirmek bilen, halkara üstaşyr-ulag we logistika merkeziniň derejesinde gaýtadan berkarar bolýar. Bu babatda, Türkmenistan ulag ulgamynyň köpugurly düzümine eýedigini, ýagny awtomobil, howa, deňiz-derýa, demir ýollarynyň bolmagy bilen hem-de şu ýollar arkaly ýolagçylaryň gatnadylyşynyň, ýükleriň daşalyşynyň möçberleriniň yzygiderli artmagy milli ykdysadyýetimizde bu pudagyň paýy artýandygynyň görkezijisidir
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady doly pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda pudagyň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe başlangyçlar amala aşyrylýar. Hakykatdan hem Türkmenistan ulaglar ulgamynda ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň barha artýan möçberini üpjün etmäge mümkinçilik berýän önümçilik kuwwatlyklarynyň uly gorlaryna eýedir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan demir ýollar, gara ýollar, täze deňiz we howa menzilleri, awtoulag terminallary Bitarap ýurdumyzdan dünýä uzaýan üstaşyr ýük akymynyň köp mukdarda artmagyna aýratyn ýardam berýär. Şol sebäpli ýurdumyzda halkara ulag geçelgeleriniň ugrunda kuwwatly logistika merkezleriniň döredilmegi wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ulaglar ulgamynda durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary bilen Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldilýär. Ýurdumyzyň ösen ulag ulgamy ýokary derejeli logistik halkara gatnawlar bazarynda ornuny berkidýär. Munuň özi dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyň möhüm alamaty bolup durýar. Munda bolsa hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, öz işine ökde hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar. Bu ugur boýunça ýurdumyzyň ulaglar we kommunikasiýa pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutydyr. Milli Liderimiziň tagallalary bilen bu ýokary okuw mekdebiniň hünär hataryna “Logistika” hünäri girizilmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Munuň özi ýaş hünärmenleriň iş öwrenmeklerine we öz ugurlaryndan ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär. Şeýle hem bu ugurda bilim bermekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesi hem işjeň ulanylýar. Logistikanyň ylmy taýdan öwrenilmegi bilen Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň artjagy şübhesizdir. Bu ugruň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna giň ýol açar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda logistika ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini giňeltmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy ählimize mälim hakykat. Bu ugurda güneşli Diýarymyz halkara gatnaşyklarynda ulaglar ulgamynda dünýä bileleşiginiň derwaýys meseleleriniň oňyn çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistanyň dünýäniň aragatnaşyk giňişliginde möhüm baglanyşyk ulgamyna öwrülmegi üçin ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, iri göwrümli taslamalaryň başyny başladyk. «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň hem-de onuň yklymara ulag ugurly «Gündogar — Günbatar» birikmesiniň kemala gelmegi Ýewraziýa yklymynyň ýurtlaryna Ýewropanyň, Ýakyn, Orta Gündogaryň, Merkezi, Günorta, Günorta — Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykalgalary giňden açýar» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýändigi täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan ulaglar we aragatnaşyk ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagy bilen halkara ykdysady gatnaşyklarynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan asyryň iri ulag taslamalarynyň üstünlikli amal edilmegi bilen täze taryh ýazylýar. Bu bolsa, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyçlaryň täze mazmuna eýe bolýandygyna ýene bir ýola şaýatlyk edýär. Häzirki zaman şertlerinde bu gadymy ýoluň wezipesini halkara ulag logistika ulgamyny ýerine ýetirýändigi bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende pederlerimiziň Beýik Ýüpek ýoly bilen gelýän ýükli kerwenleri, söwdagärleri güler ýüz bilen garşy alandyklaryny, olara azyk-suw berip, özara söwdalary ýokary derejede gurandyklaryny nygtamak gerek.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Bitarap ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda daşary ýurtlar bilen guralýan hyzmatdaşlyk Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen geçen ugurlarynda täze many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanyň çäklerinde yklymyň söwda ýollarynyň örän möhüm çatrygynda kuwwatly üstaşyr geçelgesiniň döredilýändigi, muňa häzirki wagtda çekilen we gurulmagy meýilleşdirilýän demir hem-de awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometriniň hem-de täze gurulýan deňiz we howa menzilleriniň we olaryň öň bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Gadymy ýoluň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de dostlugyň berk köprüsini alamatlandyrýan ulaglar ulgamy aýratyn orna eýe bolup durýar. Bu ugurda esasy orun Türkmenistan döwletiniň paýyna düşýär. Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşini täze derejä götermäge, halklaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, ösüşiň gazananlaryny ulanmaga mümkinçilik berer. “Durnuklylyk we netijelilik” diýen güwänama bolsa Türkmenistanyň senagaty ösdürmekdäki nusgalyk işlerine berlen halkara ykrarnama bolup durýar. Aşgabat şäherinde geçirilen Owganystan boýunça sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk babatda Ýedinji sebit maslahatynyň (RECCA VII) çäginde Lazurit (“Lapis ─ Lazuli”) ulag geçelgesini döretmek Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň gol çekişildi. Türkmenistan ulag diplomatiýasynda birnäçe halkara başlangyçlary öňe sürýär. Ulag-üstaşyr geçelgesiniň durnukly ösüşi üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmek barada ýurdumyzyň hödürlän Rezolýusiýasyny BMG-niň Baş Assambleýasy iki gezek kabul etdi. Türkmen halkymyzyň taryhy-medeni mirasy hasaplanýan bu ýoluň dikeldilmeginiň Berkarar döwletimiziň söwda aragatnaşygyny ösdürmek, goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk hem-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde galyberse-de, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, paýhasly syýasaty, başlangyjy esasynda ýokarda agzalan mümkinçilikleri durmuşa geçirip, transmilli demir, awtomobil ýollary, döwrebap uçarlary we täze howa menzilleri, sebitde iri paromlary we beýleki mümkinçilikleri bolan halkara logistik merkezine öwrülýär.
Goý, täze taryhy döwürde Beýik Ýüpek ýoluny täze röwüşde dikeltmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, bähbitli, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Abuna tassyklaýyş kody: 78390

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürýär
Azerbaýjan bilen Türkmenistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäginde Baku, Alýat we Türkmenbaşy portlarynyň has giňden ulanylmagyny işjeň öňe sürýärler. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow Bakuda geçirilen “Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazananlar we geljekki mümkinçilikler” atly simpoziumda eden çykyşynda belledi.

Türkmenistan Eýrandan gelýänlere ynsanperwerlik goldawyny bermegi dowam edýär
Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Häzirki wagtdaky ýagdaýa görä, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdi.

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy ýanwar-maý aýlarynda iñ ýokary görkezijilerine ýetdi
2025-nji ýylyñ ýanwar-maý aýlarynda Hytaý bilen Merkezi Aziýanyñ bäş ýurdunyñ (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) arasyndaky söwdanyñ möçberi geçen ýylyñ şol bir döwri bilen deñeşdirilende, 10,4 % artyp, 286,42 mlrd ýuana (39,91 mlrd $ golaý) ýetdi. Bu barada Hytaýyñ Baş gümrük müdiriýeti habar berýär.

Emeli aň we sanlylaşdyrma boýunça seminar geçirildi
Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ýokary bilim ulgamynda sanlylaşdyrma, IT we emeli aň” atly okuw seminary geçirildi. Ony ABŞ-nyň Fullbright alyş-çalyş maksatnamasynyň hünärmeni doktor Melda Ýyldyz geçirdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Päkistanyň portlarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 17-njy iýunynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Gwadar hem-de Karaçi portlarynyň wekilleriniň arasynda porty dolandyrmak we işletmek boýunça tejribe alyşmak babatynda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.