Peýdaly önümler

24-04-23

Kädi. Kädiniň esasy artykmaçlygy düzüminde minerallaryň köp saklanmagydyr: kaliý, kalsiý, magniý, mis, fosfor we demir. Kädide köp mukdarda witamin bar: esasanda, E, B witaminler topary. Süýümiň köp bolmagy sebäpli, kädi içegäniň işjeňligini gowulandyrýar. Kädide käşirden birnäçe esse köp  mukdarda karotin bar we bu gyzyl-mämişi pigmentiň kömegi bilen ol sary reňkde bolýar. Kädide sink köp, tohumlarynda gymmatly ösümlik ýaglary bar.

Käşir. Käşirde adam bedeninde retinola (A witamini) öwrülen we wirus we bakteriýa keselleriniň öňüni almaga kömek edýän ajaýyp antioksidant bolup, köp mukdarda karotin bar. Ylmy gözleglerde, gaýnadylan käşiriň çig görnüşidäkiden has köp antioksidant häsiýetiniň bardygyny subut etdi. Bişirilende antioksidant derejesi takmynan 34 göterim ýokarlanýar. Käşirde C, B, E witaminleri we minerallar köp: kaliý, fosfor, demir, mis, ýod, sink. Ter görnüşli käşirde köp sanly içki organlaryň we adam bedeniniň ulgamlarynyň kadaly işlemegi üçin zerur peýdaly maddalar bar. Mundan başga-da, şugundyr ol bedene girýän maddalar beloklaryň siňmegini we gemoglobiniň ganda daşalmagyny gowulandyrýar. Köki miweli ekinileriň hemmesinde diýen ýaly tebigy antioksidantlar köp.

Sogan we sarymsak. Bu gök önümleriň ýiti ysy, güýçli wirusa garşy we antibakterial täsiri bolan işjeň maddalaryň bardygyny görkezýär. Düzümindäki, E witaminleriniň barlygy sebäpli organiki kislotalar, minerallar we efir ýaglary, sogan we sarymsagyň wirus we sowuklamalaryň öňüni almakda we bejermekde  örän peýdaly gök önümdigini ýene bir gezek ýadyňa salýar. Bularyň düzümindäki C witamini gyjyndyrmalardan goraýar. Şeýle-de bulardaky sink, demir we B witamini gemoglobini köpeldýär we bedeniň tebigy baýlyklaryny işjeňleşdirýär.

Ajy burç. Bu gök önümiň düzümindäki kapsaisin gan aýlanyşyny işjeňleşdirýär, tüýküligi herekete getirýär, kislorody öýkenden çykarylmagyny aňsatlaşdyrýar, göni antibakterial we wirusa garşy täsir edýär. Bu gök önüm bokurdagyň çişmegini we burun dykylmagyny hem aýyryp bilýändir.

Taýýarlan Wepa HAŞŞYROW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.