BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAR ARKADAGLY ZAMANA
04-12-21
Bu günki gün ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz — Gahryman Arkadagynyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar. Ösüşleriň aýdyň ýolundan ýöräp, belent maksatlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha belende galýan halkara abraýyny, gazanýan uly üstünliklerini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.
Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkara abraýynyň ýokarlanmagy hem-de merdana halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň şa gadamynyň düşen ýeri berekediň, rysgalyň, bolçulygyň çeşmesine öwrülýär. Munuň özi ozaly bilen, Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk zehininiň, jogapkärli ýolbaşçy wezipelerde toplan baý tejribesiniň halk tarapyndan ykrar edilmegidir.Gahryman Arkadagymyzyň her gezekki iş sapary täze ajaýyp üstünlikleriň başyny başlaýar. Bu bolsa türkmen halkynyň bagtyýar geljegine bolan ynamyny, milli Liderine, Watanyna bolan söýgüsini hem buýsanjyny artdyrýar. Şeýle hem özleriniň geljege bolan nurana arzuw-umytlaryny milli Liderimiziň iň ýokary döwlet wezipesindäki işi bilen baglanyşdyrýan türkmenistanlylaryň çuňňur hormatlap, hormatly Prezidentimize bütin durklary bilen bil baglandyklarynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.
Döwrüň bedew batly şol ösüş-özgerişinde, jemgyýetiň, döwletiň durmuşynyň parahatçylygyň ýoly bilen ösüşinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görnükli döwlet işgäri, öňdengörüji syýasatçy hökmündäki orny juda ýokarydyr. Şoňa görä-de, döwrümize Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri,ýurduň Baştutanyna bolsa Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgylarynda täze eýýamy aýdyň kesgitlän, türkmenistanlylary ýurduň durnukly hem-de asuda ösüşiniň umumy maksatlarynda jebisleşdirýän Gahryman Arkadag diýilmeginiň özi hem hakykata doly laýyk gelýär. Halkymyzda durmuşyň abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň barha gowulanýandygy aýdyň görünýär.Şu babatda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyzyň, halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Her ýylyň mynasyp at bilen atlandyrylmagy halkymyzda indi asylly ýörelgä öwrüldi. Beýik özgerişlere beslenýän ýurdumyzda geljek, 2022-nji ýyly atlandyrmak babatda hem raýatlaryň pikir-garaýyşlaryny esaslanyp,netijede, geljek ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly diýip atlandyrmak baradaky teklibi biragyzdan kabul edildi.
Halkyň Arkadagly zamanasy agzybir halkymyzyň — Gahryman Arkadagynyň daşyna jebisleşen zamanasydyr!Merdana halkymyzyň sagdynlygy hem ruhubelentligi hemra edinip, «Ilkinji nobatda, meniň ähli aladam halkym bolar», «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýýän milli Lideri bilen belent maksatlaryna, beýik geljegine tarap ynamly gadam urýan zamanasydyr! Bu zamana beýik ösüşleriň, özgerişleriň zamanasydyr! Hormatly Prezidentimiziň il bähbitli beýik maksatnamalaryndan ugur alýan bedew batly ösüşlerimiz Diýarymyzda abadançylygyň, rysgal-berekediň we asuda durmuşyň höziriniň hasam artjakdygyny aňladýar.
Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji gününden özüniň parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer syýasaty bilen halkara derejesinde belent abraý-mertebä eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna we umumadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilendir. Bagtyýar zamanamyzda, döwran dolanan Diýarymyzda agzybirligiň sarsmaz sütüni, tutuş jemgyýete hemmetaraplaýyn göreldelik nusga bolan Arkadag Prezidentimiz özüniň ähli güýjüni, akyl-parasadyny we tejribesini jemgyýetimiziň agzybirligine we jebisligine gönükdirýär. Hormatly Prezidentimiziň taglymatynyň, syýasatynyň we aýdyň maksatnamalarynyň ýolunda jebisleşip, ösüşiň we bagtyýarlygyň belent sepgitlerine sary tutuş ýurt bilen bilelikde gadam urmak bu gün hemmämiziň raýatlyk borjumyzdyr.
Netijede, halkymyzyň ruhytaryhy köklerine daýanyp, berkarar Watanymyzy has-da ösdürmek ugrunda beýik we nusgalyk işler durmuşa geçirilýär, çünki türkmen halkynyň Watana bolan belent söýgüsi milli mirasymyzdan, atababalarymyzyň ruhyahlak ýörelgelerinden gözbaş alýar. Şeýlelikde, halkymyzyň ajaýyp zamanynda gadymdan galan mirasyny sarpalamak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler giň gerimliligi bilen wajyp häsiýete eýe bolýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ilkinji nobatda Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak, halkymyzyň jebisligini berkitmek, agzybirlik, ýurt parahatçylygy,Watan berkararlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ähli babatda ösüşleriň, özgerişleriň döwri bolan Garaşsyzlyk eýýamynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlary özünde jemleýän giň möçberli maksatnamalary netijesinde, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmeginiň aýdyň mysaly bolýar. Eziz Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy hem-de ýol görkezijisi bolan milli Liderimize buýsanç duýgulary ildeşlerimiziň diliniň senasyna, köňlüniň owazyna öwrülýär.
Biz — bagtyýar ýaşlar milli Liderimiziň başlangyçlaryna eýerip, öňde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli güýjümizi birleşdirip, tutanýerli zähmet çekmelidiris. Mähriban halkymyzyň öz Prezidentine — Gurbanguly Berdimuhamedowa belent ynamy ýaşamaga,döretmäge, gurmaga höweslendirýär.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli ýaşaýşy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Halkymyzyň röwşen geljegi üçin tutýan belent tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Abuna tassyklaýyş kody: 32469
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.