BITARAPLYK — ABADAN DURMUŞYŇ KEPILI

08-12-25

Parahatçylygy pugtalandyrmak bilen halkara gatnaşyklaryna giň gerim berýän Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly laýyklykda,şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işleri maksada laýyk durmuşa geçirýär. Bu bolsa, Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen ynanyşmak esasynda syýasy, söwda-ykdysady, gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy şu ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etdi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary ýurdumyzyň ýöredýän «Açyk gapylar» syýasatynyň hemme taraplaýyndygyny, netijeli özgertmeleriň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine, dünýädäki hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna ynamly goşulyşmagyna gönükdirilendigini äşgär görkezýär.

Parahatçylygy baýdak edinýän ýurdumyz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalar barha artýar. Parahatçylyga, agzybirlige, birek birege ynam halkymyzyň gadymdan gelýän ýol ýörelgesidir. Bütin adamzadyň naýbaşy  arzuwlaryna,beýik maksatlaryna öwrülen parahatçylyk we ynanyşmak halkymyzyň müňlerçe ýyl dowam edip gelýän ynsanperwer häsiýetleriniň içinden eriş argaç bolup geçýär. Bu ynsanperwer häsiýetler türkmen halkynyň häsiýetli aýratynlygyna öwrülip gidipdir. Parahatçylygy goramak — ata-baba däbimiz, bizi beýik halk derejesine çykaran ynsanperwer ýol ýörelgämiz. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, şu häsiýet, ýol ýörelge biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň esasynda durandyr.

Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy halkymyzyň müň ýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan şanly taryhy we asyrlaryň dowamynda toplan baý medeni mirasy bilen şertlendirilýär. Gadymy döwürlerden bäri kämil  medeniýete eýe bolan Türkmenistan elmydama dünýäniň ösüşine uly goşant goşup geldi. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşip ugtalandyrmak işinde Türkmenistan iri, abraýly halkara guramalary, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. 

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki öňe sürýän, geljegiň ählumumy ösüşini nazara almakda ýola goýýan döwletara gatnaşyklara gönükdirilen netijeli ädimleri buýsanç bilen bellärliklidir.Türkmenistanyň başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa we ykrarnama eýe bolýandygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da aýdyň ýüze çykýar. Türkmen halky häzirki taryhy döwürde dünýäniň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň oňyn ösüşiniň bähbidine belent işleri amala aşyrýar. Ýurdumyz häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine täzeçil ýörelgeleri ynamly öňe sürýär we olary durmuşa geçirýär.

Dünýäde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygaryny göterýän bu ýyl taryhy özgertmelerimiziň,beýik ösüşlerimiziň üstünlikli dowam edýän, eziz Diýarymyzyň şöhratynyň arşa göterilýän, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň rowaçlanýan ýyly bolup buýsanjymyza buýsanç goşýar. Ajaýyp zamanamyzda bütin türkmen halkynyň abadançylykda, bolelinlikde ýaşamagy, erkana zähmet çekmegi üçin dynuwsyz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Bazar HALMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň kafedra müduri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.