MILLI RAÝAT AWIASIÝA ÜÇIN DÖWREBAP HÜNÄRMENLER TAÝÝARLANYLÝAR

10-12-21

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

“Siz çylşyrymly, häzirki zamanyň iň döwrebap howa gämilerini ussatlarça dolandyrmagy, uçarlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegi hem-de ýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary derejesini görkezmegi başarmalysyňyz”.

Islendik pudagy okgunly ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, onuň hünärmen üpjünçiligini gazanmak gerek. Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagy, döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şanly Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belenilen ýyllynda, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyllynda Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýürekleri Jan Watanymyz Türkmenistan diýip urup,ylymdan paýly,bagtdan serpaýly Türkmenistanyň Inžener-tehniki  we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp  ýaşlary bu günki günde Arkadag Prezidentimize alkyşlaryny bildirýärler. Türkmenistanyň Inžener-tehniki  we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp ýaşlary amaly bilimlerini tejribelik sagatlarynada kämil derejede özleşdirýärler. Howa ýollary boýunça içerki we halkara derejesindäki gatnawlary amala aşyrmak, olary sazlamak üçin öz işini ýürekden söýýän, ylym-bilim ýüki ýetik ussat hünärmenler gerek.Bu ugurda talyp ýaşlara halypa-proffesor mugallymlar ýakyndan ýardam berýärler.

Düýn Türkmenistanyň Inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň “Howa ulagynyň ulanylyşy“ kafedrasyna degişli  “Howa hereketiniň dolandyrylyşy”,  “Uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy”,  “Howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” we Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak hünärlerinde okaýan talyplar “Türkmenhowaýollary” agentliginiň  garamagyndaky Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebinde hem-de “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde okuw tanyşlyk tejribeliginde boldular. Bilim almak, türgenleşik geçmek üçin dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan şeýle türgenleşik merkezi talyplaryň hünär derejesini kämilleşdirmekde,bu ugruň ähli tilsimlerini ele almaklary üçin geçirilen göçme okuw sapagy boldy.

Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebinde hem-de “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde Okuw tanyşlyk tejribeliginde : ýörite okuw otaglaryny, okuw türgenleşik otaglary, okuw türgünleşik meýdançasy, synag otaglaryny tanyşlyk tejribelikde gördüler.Mekdebiň türgenleşik enjamy merkezinde ýerleşdirilen Kanadanyň meşhur «CAE» kompaniýasynyň «Boeing-737NG» kysymly uçarynyň doly uçarmanlyk hereketlerini ýerine ýetirýän FFS7000XR görnüşli türgenleşik enjamynyň, Germaniýanyň «TFC» kompaniýasynyň «Boeing-737NG», «Boeing-777/200LR» kysymly uçarlarynyň gapylarynyň ulanylyşyny,heläkçilige uçran uçardan çykmak
üçin çykalga taraplarynyň ulanylyşyny, «Boeing-737NG» kysymly uçaryň
suwa ýa-da gury ýere gonan ýagdaýynda ýolagçylary halas edilişini,şeýle-de «KIDDE» kompaniýasynyň uçarda ýangyna garşy hereketlerini öwretmekde zerur bolan esbaplaryň bolmagy hünärmenleri ýokary derejede taýýarlamakda uly ýardam berýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde raýat awiasiýasyny ösdürmek, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň howa menzilleriň iş usullaryny döwrebaplaşdyrmak ýaly işleri maksat edinip, «Türkmenhowaýollary» agentligi bu ugurda guramaçylykly çäreleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetiň ösüşiniň häzirki ýagdaýy, şeýle hem raýatlarymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy täze halkara howa ugurlarynyň açylmagyny talap edýär. «Türkmenhowaýollary» agentligi tehniki taýdan üpjünçiligi we onuň häzirki zaman uçarlar parky bu wezipäni çözmäge mümkinçilik berýär.

Talyplar, Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebiniň ýörite okuw türgenleşik merkezinde dünýä ülňlerine laýyk gelýan enjamlar bilen tanyşdylar. Umuman, mekdepde hünär öwrenmek, kämil bilim alyp,Watanymyzyň howa gatnawlarynyň ussat hünärmeni bolup ýetişmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen.Ulag we araganaşyk ulgamy häzirki wagtda döwlet derejesinde has çalt ösýän pudaklaryň hatarynda tanalýar.Hormatly Prezidentimiziň tagalasy bu pudagyň ýylyň-ýylyna täze tehnikalar we ätiýaçlyk şaýlary bilen üsti ýetirilýär.Şeýle döwrebap tehnikalardan baş çykmak bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki  we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar.Talyplar bar yhlas başarnygy gaýgyrman tejribe sapaklaryna we okuwlaryndan boş wagty bu tehnikalar bilen ýakyndan tanyşýarlar.Biz hem ykbalyny raýat awiasiýa ulgamynyň ösmegine baglan talyp ýaşlara okuwlarynda,işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp ýaşlary bu günki gün ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýarlar.Şonuň bilen birlikde ylym-bilim,medeni köpçülik işlerini utgaşdyryp alyp barmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak ýoly möhüm wezipe bolup durýar.Ylym-bilim ulgamyny ösüdürmek babatdaky belent maksatlary üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp ýaşlary Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlary aýtýarlar.

Şanly ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda geçilen şöhratly ýola nazar aýlap, bitirilen beýik işlere, ýetilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere her birimiz guwanmalydyrys. Gurlan we gurulýan häzirki zaman, howa menzilleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňden görüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Biz her ädimde, her bir işde milli Liderimiziň ýadawsyz tagallalaryny, egsilmez goldaw-hemaýatyny duýup ýaşaýarys. Bagtyýarlyk döwrümizde döredijilikli zähmet çekmäge, bolelin durmuşda ýaşamaga oňaýly şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Maglumatlary toplan: Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inźener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.

 Çapa taýýarlan: Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inźener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uçurymy.

Abuna tassyklaýyş kody: 32469

16a8e7eb3e1b9d.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16a8d24e3d2dc1.png
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär

“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.


16a8d23daec649.png
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy

Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.


16a8bde13d0a33.jpeg
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


16a8bdc1c5aca6.png
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler

Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.