SANLY TEHNOLOGIÝALAR — OKGUNLY ÖSÜŞIŇ GIREWI
26-04-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetiň, saýlap alan hünärine ussat hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Biziň ýurdumyzda halkyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply, ony barha çylşyrymlaşýan dünýäde öz yzyna düşürip, öňe alyp gitjek ýokary hünärli işgärler örän zerur”.
Hut şeýle hünärmenleri taýýarlamaklykda, innowasion tehnologiýalara erk edýän hünärmenleri kemala getirmekde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň ähmiýeti uludyr. Çünki ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda işjeňliginiň barha giňişleýin häsiýete eýe bolýan döwründe daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleriň zerurlygy barha artýar. Jemgyýetiň milli, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi we kämilleşmegi, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek wezipesi raýatlaryň döwrebap bilim almagynyň häzirki zaman şertleriniň döredilmegini, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini talap edýär.
Ýurdumyzda kabul edilen “Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasy” bilim özgertmeleriniň düýpli ugurlarynyň birine öwrüldi. Ylymda we tehnikada oňyn tejribeleriň öň hatarynda bolmak, täze tehnologiýalary ele almaga ukyply halkara derejeli hünärmenleri hem-de iň möhüm hünär maglumatlaryndan habarly bolmak üçin innowasion tehnologiýalara erk edýän hünärmenleri taýýarlamak Konsepsiýanyň esasy maksadydyr. Köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň depginini nazara almak bilen, ýaşlara innowasion tehnologiýalara erk etmegi öwretmek işi kämilleşdirilýär.
2017-nji ýyldan bäri ýurdumyzda “Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasy” durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny, şol sanda uzak aralykdan okatmagy ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyz “Ýurdumyzda täzeçil ýörelgeler we batyrgaý açyşlar üçin zerur mümkinçilikler bolmalydyr” diýmek bilen, milli bilim ulgamynyň täzeçil ýörelgelerden ugur alyp, berk binýatly bolmagyny sargyt edýär. Konsepsiýa ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek, halkara ülňülerine laýyk derejede bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmegi, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmagy, hilini ýokarlandyrmagy, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi maksat edinýär.
Häzirki döwürde wagt esasy serişdedir. Sanly dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagy bolsa diňe bir kagyz resminamalaryny taýýarlamaga däl-de, olary ýerine ýetirmäge sarp edilýän wagty hem tygşytlamagyň has netijeli guraly bolup durýar. Munuň özi gönüden-göni ykdysady bähbitleri hem-de döwlet düzümleriniň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.
Halkymyzyň ýagty hem-de nurana geljege gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň her bir döwletli tutumlary, il-ýurt bähbitli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin. Halkymyza berkarar döwleti, bagtyýar döwri peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Goçmyrat HEZILOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyyet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.