Limony dürli peýdaly taraplary barada bilýäňizmi?
27-04-23
Beden üçin zerur witaminleri lezzetli salatlardan we limondan taýýarlanan içgilerden alyp bilersiňiz. Ýöne sitrusyň başga-da birnäçe peýdaly taraplary bar, aşakda ussatlyk bilen ulanmagyň syrlary bilen tanyşarys.
Mikrotolkun peçini dezinfeksiýa edýär
Limony inçejik edip kesip, bir tabaga salyň we üstüne suw guýuň. Mikrotolkunly peç iň ýokary derejede açylýar we içi buglanýança garaşyň. Soň bolsa öçürilýär we 15 minut açylmaýar. Soňra mikrotolkunly peçiň içini arassa bir gezek ulanylýan mata bilen süpüriň.
Egin-eşikdäki tegmilleri aýyrýar
Bu usul hatda köne ýa-da näzik matalar üçinem doly howpsuz. Dokalanan ýer bir dilim limon bilen nemlenýär, duz sepilýär we ýarym limon bilen 30 minut ýapylýar. Soňra ýyly suw we sirke bilen ýuwuň.
Haşal otlary ýok edýär
Ösümliklere limon suwuny sepip, haşal otlardan dynyp bilersiňiz. Bu ýagdaýda olara suw guýulmaýar, netijede olar ýitýär.
Howany arassalaýar
Onda limon ýakymly ysly zatlar bilen gaýnadylýar. Sowadylandan soň, pürküji çüýşesine guýup, howany yslamak üçin ulanyp bolýar.
Taýýarlan Leýla ANNAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.