Il saglygy — ýurt baýlygy
28-04-23

Adamyň saglygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan raýatlarymyzyň saglygy barada uly alada edilýär.
Sagdyn durmuş, sagdyn ýaşamak şahsyýete öz mümkinçiliklerini, ylym, medeniýet, bilim, sport ulgamlarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda döredijilik ukyplaryny ýokary derejede we hemmetaraplaýyn açmaga şert döredýän berk binýatdyr. Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetýän, hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zaman döwlet geljege ynam bilen garaýan, sagdyn adamlaryň döwletidir.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana, hem-de sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek babatda edilýän işleriň ählisi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport sagaldyş hereketi hem sagdyn durmuş ýörelgesiniň täze tarapdarlaryny öz hataryna işjeň çekýär. Ýurdumyzda “Il saglygy — ýurt baýlygy” atly şygar bilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda sport diňe bir onlarça müň adamyň endigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol halkyň durmuş ýörelgesidir.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr. Bu syýasatyň üstünligi hem-de aýdyň netijeleri ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň döwletiň we halkymyzyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmagynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär. Halkymyz sagdynlygyň hem-de ony pugtalandyrmakda sportuň bahasyna ýetip bolmajak gymmatyna aýdyň göz ýetirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň saglygyna we beden taýdan kämilligine aýawly garamak wezipesi täze mazmuna eýe boldy. Halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Şükürjan AZAMATOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýyladyshana hojalygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.