Dünýä tejribesine daýanýan bilim ulgamy

28-04-23

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan innowasion özgertmeleriň esasynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan maksatlara üstünlikli ýetilýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, sanly bilim konsepsiýasyny üstünlikli ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ata Watanymyzda ýaşlara dil öwretmekde uly işler edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada: “Diliň kämilligi ruhuň kämilligidir. Milletiň kämilligi bolsa biziň baş maksadymyzdyr” diýip belläp geçýär.

Bilim ulgamyna innowasiýalary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýä tejribesine hem-de ylmyň täze gazananlaryna esaslanylyp tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” iş ýüzüne doly geçirmek boýunça-da uly işler alnyp barylýar.

Hakykatdan hem, her bir dil medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkyň medeni mirasynyň esasy açary hökmünde hyzmat edýär. Adamzat aragatnaşygyndaky möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän dil baýlygy jemgyýetçilik aňyýetindäki öňdebaryjy pikirleriň, döredijilik işiň esasy guralydyr. Dil bilmek — bu halklaryň dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklaryny berkitmekde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde, şahsyýetiň ruhy dünýäsini giňeltmekde ähmiýeti uludyr. Bir söz bilen aýdylanda dil bilmek dünýäniň ähli halklarynda uly mertebe, baýlyk hasap edilýär we ol islendik ýerde uly hormata, sylaga mynasyp bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” hem-de ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirmeli çäreleriň meýilnamasy uly many-mazmuna eýedir. Konsepsiýa laýyklykda, dil öwrenmek bilen baglanyşykly täzelikleri durmuşa ornaşdyrmak, bilimiň ähli basgançaklarynda bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň täze tapgyryny durmuşa geçirmek ýaly aýdyň maksatlar öňde durýar.

Dil bilmek zerurlygy göz öňünde tutulyp her ýylda ýurdumyzyň çäginde daşary ýurt dillerini bilýän mekdep okuwçylaryň, talyp ýaşlaryň arasynda dilleri öwrenmek we çuňlaşdyrmak boýunça yzygiderli medeni çäreleri, bäsleşikleri we maslahatlary geçirilip durulýar. Geçirilýän her bir çäre ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklerinde, dürli medeniýetler bilen tanyşmaklarynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Biz hem geljekde ýaşlarymyzyň arasynda köpçülikleýin işleri geçirip, daşary ýurt dillerini has hem baýlaşdyrmakda özümiziň mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynanýarys.

Jennet BEKMETOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Iňlis dili mugallymy.

1685250e64d9cd.jpeg
IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.