Raýat awiasiýasynyň ilkinji türkmen uçarmany
20-12-21
Her bir ugurda zähmet çekip, öz saýlan hünärine ömrüni bagyşlan halypalar örän kän. Olar hakyndaky ýatlamalaryň halypa-şägirtlik ýolundaky terbiýe mekdebinde uly ähmiýet bar. Her bir pudakda, her bir tutumly işde ilkinji bolanlaryň ady taryha ýazylýar. Hazar ýakasyndaky kiçeňräk Garşy şäherçesi diňe bir şypaly suwlary bilen meşhur däldir. Bu ýerde geçen asyryň başlarynda adaty balykçy maşgalasynda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ilkinji uçarmany Anjan Amanow dünýä gelip, şu ýerde-de önüp-ösüpdir. Ol türkmenlerden ilkinji bolup uçara erk edip ony asmana galdyran merdanalaryň biri hasaplanylýar. Göräýmäge, kakasy balykçy, ýakyn garyndaşlary, goňşulary, dostlary ‒ hemmesiniň bagry deňiz bilen badaşan, şonuň üçin onuňam ykbalyna Hazar bilen baglanyşykly käri saýlap almak ýazylaýjak ýalydy.
Türkmenbaşy şäherindäki internatda okuwyny tamamlandan soň, ony Daşkendiň mal lukmançylygy orta hünär okuw mekdebine okuwa iberenlerinde, garyndaşlary ol gaýdyp geleninden soň, barybir özleridir deňiz bilen boljakdygyna asla şübhelenmeýärdiler. Emma iki ýyldan soň Anjanyň täleýi duýdansyz öwrüm edýär. Daşkentde ony raýat awiasiýasynyň howa menzilleriniň ýolbaşçylaryny taýýarlaýan bir ýyllyk okuwyna geçirýärler. Şeýlelik bilen, bu ýigit deňzi däl-de, asman giňişligini saýlap tutýar.
Anjan Amanowyň gaýtadan okamagy we bilimini artdyrmagy üçin, Daşkentdäki okuwdan ony Russiýa Federasiýasynyň Saratow oblastynyň Balaşow şäherinde ýerleşýän uçarmanlary taýýarlaýan mekdebine iberýärler.
Okuwyny tamamlap gelenden soň Amjan Amanow Ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynda uçarman bolup dýrli wezipelerde zähmet çekýär. Ol G-2, PO-2, IL-14 ýaly uçarlara başrjaňlyk bilen erk edipdir.
Hormatly dynç alşa çyksa-da, A. Amanow raýat awiasiýasyny terk etmeýär. Ol ömrüniň ahyryna çenli Aşgabat Halkara howa menzilinde dürli wezipelerde tutanýerli zähmet çekýär.
1974-nji ýylda çap edilen Türkmen Sowet Ensiklodediýasyna ilkinji türkmen uçarmany hökmünde Anjan Amanowyň ady ýazyldy. Anjan Amanow ençeme hormat hatlary we ordendir-medallary, şol sanda “Hormatly işgär” ordeni bilen sylaglanyldy. Ilkinji türkmen uçarmany bolan Anjan Amanow barada gazetdir-žurnallarda ençeme makalalar ýazyldy we goşgy düzüldi.
Anjan Amanow Ýurdumyzyň Raýat awiasiýasynda zähmet çekýän birnäçe uçarmanlara halypaçylyk edip olaryň ussatlygyny, başarnyklygyny kämilleşdirmekde özüniň önjeýli goşandyny goşupdyp. Häzirki wagtda işläp ýören raýat awiasiýasynyň uçarmanlarynyň köpüsi ony özleriniň halypasy hasaplaýar.
Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň köçeleriniň biri ilkinji türkmen uçarmany Anjan Amanowyň hormatyna “Anjan Amanow koçesi” diýip atlandyryldy.
Şeýle ajaýyp hem ýakymly ýatlamalar halypalaryň ömrüni we işini bakylyga sary alyp gidýär, nesilden-nesle geçirýär. Halypalaryň geçen durmuş mekdebi bolsa ýaşlar üçin ygtybarly ýörelgedir.
Halypalaryň hyzmatyna sarpa goýýan, olaryň ýatlanmagyna we işleriniň şägirtleriniň üsti bilen dowam etdirilmegine döredýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtmak bilen, milli Liderimiziň janynyň sag, alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Howa ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.