SANLY YKDYSADYÝET WE SAZLAŞYKLY ÖZGERIŞ

16-12-25

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, maglumat-aragatnaşyk enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylýar. Döwrüň täze talaplary we mümkinçilikleri ýüze çykarýandygyny aýtmalydyrys, şeýlelik bilen, döwlet dolandyryş ulgamyny, tutuş jemgyýeti ösdürmek üçin binýatlyk esas hökmünde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi möhüm wezipe hökmünde öňe çykýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin toplumlaýyn işler alnyp barylýar

Ýurdumyz çalt depginler bilen ösýär, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde onuň orny barha ýokarlanýar. Şunda, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alynýar, milli bilim ulgamyna düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdumyzda milli bilimi barha kämilleşdirmek maksady bilen, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary gurlup, ulanmaga berilýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn, ylmy-usuly binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.

Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda milli bilim ulgamynyň sanly düzümleri hem ösdürilýär. Öňdebaryjy dünýä tejribeleri, täze bilimler, kompýuter we barlaghana enjamlarynyň okuw işinde giňden ulanylmagy, döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalary taýýarlamak esasynda, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüji, ynsanperwer ýörelgelere ygrarly nesilleri kemala getirmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüşleri gazanmagynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksadyndan ugur alnyp kabul edildi.

Döwrebap innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimli aragatnaşyk ulgamy emele geldi. «TürkmenÄlem 52°E» milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy bilen, ýokary tizlikli internet ulgamynyň işini üpjün etmekde, ýokary hilli sanly teleýaýlymlary görkezmekde, internet torunyň, öýjükli tele we radiogepleşikleriň köp şahaly ulgamynyň işledilmeginde onuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.

Ýurdumyzda innowasion ösüşe esaslanyp, maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, sanly hyzmatlary hödürlemegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, sanly maglumat gorunyň hemmeler üçin elýeterliligini gazanmak ugrunda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly intellektual tehnologiýalaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ählumumy sanly ykdysady ulgama sazlaşykly goşulyşmagyny gazanmak, halkara önümçilik halkasyna goşulan işewürligiň täze görnüşlerini ösdürmek, durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň ösüşini üpjün etmek, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze döwrebap iş orunlaryny döretmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bilen bagly wezipeler çözülýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri işläp taýýarlamak bilen bagly işiň hukuk esasyny üpjün etmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmekde uly tagallalar edýär. Ýurdumyzda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilen, üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnama hem ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň, olary döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ata Watanymyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly dabaralanmasydyr.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Esenmyrat ANNAMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.