Demir ýol

01-01-20

Türkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we hatda bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri özüniň mynasyp miwesini berýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan işler Bitaraplygyň umumy kabul edilen ýörelgelerine gabat gelýär.

2020-nji ýyla «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip at berilmegi hem munuň bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda «Türkmendemirýollary» agentliginde alnyp barylýan birnäçe gaýragoýulmasyz işler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bitaraplygymyzyň taryhynyň dowamynda ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak hyzmatlary artýar we barha ýokarlanýar. Ýokary tehnologiýalaryň ösen eýýamynda bu pudak hem döwrüň talaplaryna laýyk tehnikalary ornaşdyrmakda we halkymyza hödürlemekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmekde, türkmen harytlarynyň dünýäniň ähli künjeklerine ykdysady taýdan bähbitli ugurlar bilen aralaşmagynda, içerki bazarlarymyzyň daşary ýurt önümleri bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde demir ýol ulaglary pudagynyň ähmiýeti örän uludyr. Şol nukdaýnazardan, bu ulgamy täze belentliklere götermek ýurdumyzyň ileri tutýan wezipeleriniň biridir.

Ýurdumyzda «Demirgazyk – Günorta» we «Gündogar – Günbatar» ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Üstünlikleriň zamany bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagy ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzda gurlan ilkinji üstaşyr demir ýol geçelgesi – Tejen – Sarahs – Maşat halkara demir ýoly daşary ýurtlara göni çykmaga mümkinçilik döretdi. Milli demir ýol ulgamynyň esasy halkasyna öwrülen Türkmenabat – Kerki demir ýoly ýurduň içinde ýolagçylary hem-de ýükleri gatnatmak mümkinçiligini has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň demirgazyk we günorta sebitlerini gysga ugur bilen birikdiren Aşgabat – Garagum – Daşoguz demir ýollary dünýä ýaň salan desga hökmünde häsiýetlendirilip, dünýäde «Garagumuň Altyn halkasy» adyny aldy. Amyderýanyň iki kenaryny birleşdiren ilkinji häzirki zaman inženerçilik desgasy – Kerki – Kerkiçi hem-de Türkmenabat – Farap demir ýol köprüsi ýurdumyzyň ulaglar düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamalaryň mynasyp dowamy boldy. Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky «köpri» bolan Gazagystan – Türkmenistan – Eýran halkara demir ýoly ýurtlaryň halkara bazarlaryna päsgelçiliksiz we gysga ýollar bilen çykmaga, harytlaryň getirilmeginiň, hyzmatlaryň edilmeginiň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny artdyrmaga, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga güýçli täsir edýär. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry bolan Kerki – Ymamnazar – Akina demir ýoly döwlet hem-de halkara ähmiýetli demir ýol gurluşygy boýunça baý tejribe toplan türkmen demirýolçularynyň ýadawsyz zähmetleri netijesinde gazanan ýene-de bir ýeňşi hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu wakanyň paýtagtymyz Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilen wagtyna gabat gelmegi bolsa onuň ähmiýetini has hem artdyrýar. Şeýle hem Serhetabat – Turgundy demir ýoly ýylsaýyn berkeýän hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen, Garaşsyz Watanymyzyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň ykdysady mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy, Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyna mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmen demirýolçularynyň ýol gurluşygynda toplan baý tejribesiniň netijesinde sebitiň möhüm ulag taslamasy durmuşa geçirilip, döwletleriň arasyndaky ulag gatnawlarynyň esasy ulgamy döredildi. Bu halkara ulag geçelgeleriniň ulanmaga berilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň sebitiň demir ýol ulgamyndaky eýeleýän mynasyp ornuny has-da berkitdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gurlup ulanylmaga berilýän «polat ýollar», demir ýol menzilleri diňe bir bagtyýar türkmen halkyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyny artdyryp, dünýä halklarynyň bähbitlerine, parahatçylyga we ählumumy abadançylyga hyzmat edýär. Bu ugurda Akina stansiýasynda gurlan goşmaça 10 kilometr demir ýol şahalarynyň açylyş dabarasyny hem-de Akina – Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyny ýatlap bileris. Türkmen-owgan demir ýolunyň gurluşygyny Türkmenistan dolulygyna öz üstüne almagy aýratyn bellärliklidir. «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan täzeden gurlan demir ýoluň netijesinde Turgundy bekediniň geçirijilik ukyby artdy, Owganystanyň haryt dolanyşygynda onuň ähmiýeti ýokarlandy, owgan önümlerini halkara bazarlaryna çykarmak hem-de ýurda gysga we amatly ýol bilen import harytlaryny getirmek mümkin boldy.

Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň esasy we barha kämilleşýän ugurlarynyň biri bolan demir ýol ulaglary pudagy ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam edýär. Ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, ýolagçylary gatnatmak, ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär. Soňky ýyllarda demir ýol ulaglary pudagynda önümçilik düzümleri uly ösüşe eýe boldy – täze kärhanalar açyldy, häzirki zaman tehnologiýa ulgamlary satyn alyndy, häzirki hereket edýän düzümler tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy. Şeýlelikde, ýurdumyz «polat ýollary» arkaly geografik taýdan amatly ýerleşmegi, zerur bolan ulag düzümini ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilmegi netijesinde uly abraýa eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň «Türkmendemirýollary» agentliginiň ýolagçy wagon deposynyň tehniki parky düýpli täzelenip, yzygiderli pugtalandyrylýar. Soňky ýyllarda daşary ýurtlardan iň kämil we häzirki zaman köpugurly ýolagçy wagonlarynyň ýüzlerçesi tapgyrlaýyn getirilýär. Alynýan ýolagçy wagonlarynyň tehniki üpjünçiligi dünýäniň ösen döwletleriniň ülňülerine laýyk getirilip, olar sowadyjy-ýyladyjy, audio we radio, goşmaça yşyklandyryjylar ulgamlary bilen enjamlaşdyrylyp, ýolagçylaryň syýahatyny örän rahat we oňaýly edýär. Ýurdumyzyň ähli demir ýol menzilleriniň giň we ýagty zallary ýyladyjy-sowadyjy enjamlar, telewizorlar, aragatnaşyk we jemagat tölegleri üçin terminallar, bankomatlar bilen üpjün edilendir. Häzirki zaman demir ýol menzillerinde dermanhana, enä we çaga niýetlenilen hem-de dynç alyş otaglary, aragatnaşyk, el goşlary bölümleri, dükanlar we beýlekiler ýolagçylaryň hyzmatyndadyr. Ulag we kommunikasiýa toplumynyň «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan demir ýoluň ýolagçylary üçin täze hyzmat ýola goýuldy. 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap işe girizilen bu häzirki zaman hyzmat ýolagçylar üçin internet arkaly (onlaýn) ýol petegini satyn almaga mümkinçilik döretdi.

«Türkmendemirýollary» agentliginiň taýýarlan elektron programma üpjünçiligi arkaly ýa-da «railway.gov.tm» internet sahypasyndan peýdalanyp, ýolagçylar islendik wagt internet ulgamynyň üsti bilen özüne gerekli otly gatnawy barada maglumat alyp bilýärler, şeýle hem ýolagçylara onda özüne gerek orny saýlap almak mümkinçiligi hem bar. Bu onlaýn bilet ulgamynyň işleýiş ýeňilligi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Aşgabat, Balkanabat, Bereket, Türkmenabat stansiýalarynda elektron ulgamy arkaly petek satylmagy ýola goýuldy. Ol ýerlerde enjamlaşdyrylan häzirki zaman tehnologiýasy ýolagçylar üçin uly amatlyklary döredýär. Mundan başga-da, häzir üstünlikli synagdan geçirilýän we geljekde ornaşdyryljak petek satylýan awtomatiki terminallar ýolagçylara ediljek häzirki zaman hyzmatyň ýene bir görnüşi bolar. Ýene-de bellemeli zatlaryň biri hem Android we iOS ulgamlary üçin niýetlenen programmalar internet üsti bilen ulanyjylara — müşderilere hödürlendi. Programmalar arkaly müşderilerde elektron peteklerini satyn almak bilen birlikde demir ýolda edilen syýahatlarynyň, haýsy gatnawlaryň üsti bilen geçiren gatnawlarynyň sanyny bilmek üçin petekleriň ählisini telefonda saklamak mümkinçiliginiň bolmagydyr. «Türkmendemirýollary» agentliginiň müşderiler üçin taýýarlan programmasyny Android telefonlary üçin niýetlenen görnüşini «PlayMarketden», iOS telefonlary üçin niýetlenen görnüşini bolsa «App Storeden» ýükläp almak mümkinçiligi bardyr.

Türkmenistanyň demir ýollarynyň ulanyş uzynlygy hem pudagyň okgunly ösüşiniň möhüm görkezijisi bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ol 1659 kilometre çenli artdyryldy we häzirki güne çenli 5198 kilometre barabar boldy. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gurlup ulanylmaga berilýän «polat ýollaryň», demir ýol menzilleriniň diňe bir bagtyýar türkmen halkyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyny artdyryp, dünýä halklarynyň bähbitlerine, parahatçylyga we ählumumy abadançylyga hyzmat edýändigini ýene bir ýola äşgär edýär. Mazmuny boýunça üstaşyr geçirmek ulaglar hyzmatynyň eksporty bolup durýar, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy ugrudyr.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uly depginler bilen ösmeginde demir ýol ulaglary pudagynyň wajyp orny bardyr. Gurlan we gurulýan häzirki zaman çar tarapa uzaýan «polat ýollary» hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan «polat ýollary» arkaly diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek bilen çäklenmän, sebitde demir ýol ulaglarynyň gatnawy üçin möhüm ähmiýetli ýere öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda ulag ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagy ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde tanalmak bilen, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde wajyp orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň çäginde we ondan daşarda ulag ýollarynyň gurulmagy Türkmenistanyň multimodal logistika ulgamynyň ösüşiniň möhüm tapgyryny alamatlandyrýar.

Giňişleýin maglumat okamak üçin «Türkmendemirýollary» agentliginiň resmi saýtyna ýüzlenip bilersiňiz:

https://railway.gov.tm hem-de https://demiryollary.gov.tm


20-11-profilejpg - 00.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.