DÖWREBAP HÜNÄRMENLER — AÝDYŇ GELJEGIMIZ
26-12-21
Häzirki wagtda ösüşdir özgertmelere beslenýän ýurdumyzda milli bilim ulgamy has-da kämilleşdirilýär, giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli hünärmenler taýýarlanýar. Bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde institutymyzda dünýäniň ösen ýurtlarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigini, ýaşlaryň döwrebap bilim alýandygyny aýratyn bellemelidiris.
Institutymyzda bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesiller kemala gelýär. Şonuň üçin hem sanly bilimi ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda institutymyzda özgertmeler syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.Şonuň netijesinde, sanly ulgama geçirmekde anyk işler amala aşyrylýar.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we ony ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde örän jogapkärli wezipeler goýuldy. Olary amal etmek boýunça ýokary bilim ojagymyzda degişli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Konsepsiýada sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligini taýýarlamak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde içki portal işlenip düzüldi. Bu portal elektron serişdeleri ulanmak bilen okatmagy we bilim işini dolandyrmagy kämilleşdirmäge, talyplaryň bilim derejesini barlamak işini döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. Tor programmasy arkaly synaglaryň aralyk jemlemeleriniň geçirilmegi ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdebimiziň okuw otaglarynda uzak aralykdan okuwlary geçmek boýunça ähli zerur şertler üpjün edilip,ýöriteleşdirilen okuw otagy döredildi. Bu okuw otagynyň kompýuter bilen enjamlaşdyrylmagy welaýatymyzyň we ýurdumyzyň ugurdaş okuw mekdepleri bilen uzak aralykdan okuwlary guramaga şert döredýär. Munuň özi okuw mekdepleriniň mugallymlaryna we talyplaryna özara tejribe alyşmaga hem-de okuw-ylmy täzelikler bilen öz wagtynda tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açmaklary, jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapyp, il-günümize gerekli, hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza wepaly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan institutymyzyň bagtyýar talyp ýaşlar diňe bir hünär bilimlerini ösen tehnologiýalaryň esasynda ele almak bilen çäklenmän, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerini uly buýsanç, döredijilik ylhamy bilen wasp edýärler.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň ähmiýetini wagyz etmek, many-mazmunyny düşündirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebimizde ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat, ylmy-döredijilik duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, bäsleşiklerdir hepdelikler, açyk, görelde sapaklary yzygiderli geçirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramakda, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda mugallymlar, bilim işgärleri döredijilikli zähmet çekýärler. Işgärleriň sanly sowatlylygyny artdyrmak üçin hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça degişli ýörite okuwlar guralýar.
Biziň ýokary okuw mekdebimizde hem sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda köp mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlara uzak aralykdan bilim bermek maksady bilen portal saýty we birnäçe internet torlary döredildi. Bu portal saýty hem-de internet torlary bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň özlerine gerek bolan islendik kitapdyr gollanmalardan peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilik döredýär. Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary üçin döwrebap işler ýola goýuldy.
Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygy kämilleşdirilýär. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.
Ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesli terbiýelemekde, olara döwrebap bilim bermekde yhlas siňdirýärler. Talyplarymyz önümçilik tejribelikde bolanlarynda ussat halypalardan nusga alyp, kämil hünarmenler bolmaga çalyşýarlar.
Sanly ulgam arkaly tejribeli mugallymlar bilen sapaklar guralýar. Sapakda multimedia tagtalaryndan peýdalanylýar. Multimedia tagtalary we proýektorlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdebimiziň otaglarynda mugallymlarymyz sapaklaryny tehniki serişdeler arkaly guraýar. Mugallymlaryň taýýarlan görkezme esbaplary, prezentasiýalary, görelde sapaklary, ylmy maslahatlary, taýýarlan usuly işleri ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Ýaş nesliň döwrebap bilim alyp, kämil hünärmenler bolmagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Näzik ALLAKOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň Demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy hünäri.
Abuna tassyklaýyş kody: 99532
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär
“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy
Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer
Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler
Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.