Awtoulag hyzmaty Täze ýyl baýramynyň öwüşginini artyrar

28-12-21

Şu ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde il-ýurdumyzyň Täze ýyly mynasyp garşylamaklary bilen baglanyşykly durmuşy meseleleriň oňyn çözgütleri kabul edildi. Şu günlerde olaryň ählisi üçtünlikli ýerine ýetirilýär. Şol çözgütleriň birisi 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagynyň üpjün edilmegine degişlidir.

Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyrygynyň ýerine ýetirilmegine dahylly biziň soraglarymyza Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky  „Türkmenawtoulaglary“ agentliginiň „Lebapawtoulag“ önümçilik birleşiginiň baş direktory Kurban Saýipow şeýle jogap berdi:

 - Ýurdumyzyň raýatlarynyň Täze ýyl baýramyny şadyýan we ruhubelent garşylamaklary üçin kärhanamyz boýunça ýörite iş meýilnamasyny işläp düzdük. Şonuň esasynda Türkmenabat şäherinde ýolagçy gatnadýan awtoulaglarymyzyň sürüjileri 31-nji dekabrda we täze ýylyň 1-nji ýanwarynda iki iş çalşygynda işlärler.

31-nji dekabrda irden sagat 6.00-dan sagat 20.00-a çenli birinji iş çalşygynda ýolagçy gatnadýan awtoulaglaryň 75-si, 31-nji dekabrda sagat 20.00-dan 1-nji ýanwarda sagat 02.00-a çenli ikinji iş çalşygynda ýolagçy gatnadýan awtoulaglaryň 45-si ýolagçylara hyzmat ederler.

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda irden sagat 6.00-dan sagat 20.00-a çenli birinji iş çalşygynda ýolagçy gatnadýan awtoulaglaryň 50-si, 1-nji ýanwarda sagat 20.00-dan 2-nji ýanwarda sagat 02.00-a çenli ikinji iş çalşygynda ýolagçy gatnadýan awtoulaglaryň 30-sy ýolagçylara hyzmat ederler. Kärhananamyz tarapyndan ýolagçylary gatnatmak boýunça şu ýylyň meýilnamasynyň eýýäm artygy bilen ýerine ýetirilendigini hem şu ýerde ýatlap geçesimiz gelýär. Biziň önümçilik birleşigimiz 2020-nji ýylyň zähmet görkezijileri boýunça ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynyň arasynda iň göreldeli kärhana hökmünde yglan edilmegi hem  sürüjilerimiziň yhlasly zähmet çekýändiklerine şaýatlyk edýär. Baýramçylyk günlerinde hem biz ýolagçylara göreldeli hyzmat ederis. 

Ýazga geçiren Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň   “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.

Abuna tassyklaýyş kody 78390

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.