TALYP ÝAŞLARA DÖWREBAP BILIM BERMEGIŇ ÄHMIÝETI

28-12-21

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen beýleki pudaklar bilen bir hatarda ylma, bilime, Watanymyzyň geljegi bolan talyp ýaşlaryň has-da kämil, tutanýerli, erjel bolup ýetişmeklerine uly üns berilýär. Milli Liderimiz “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň öňde goýýan esasy wezipämiz bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr” diýip belleýär. Hut şonuň üçin hem kämil tehnologiýalaryň ösen döwründe bilim ulgamyndaky edilýän tagallalar barha artýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýokary okuw mekdebimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini görkezmek bolar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde sanly bilim portaly pedagog-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň bilim işini ýerine ýetirmeginde uly ähmiýete eýedir. Sanly ulgamyň mümkinçiliginde döredilen bu bilim portaly ýokary okuw mekdebimiziň çäginde talyplaryň özbaşdak bilim derejesini artdyrmagyna uly ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatynyň esasynda bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli kämil terbiýeli, ýokary ahlakly şahsyýetler edip ýetişdirmek her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr. Hut şonuň üçin hem pedagog-mugallym sapagyň guralyşyny we alnyp barlyşyny has-da baýlaşdyrmaly. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde okuw sapaklary umumy okuw, amaly okuw we tejribe sapaklary görnüşinde alnyp barylýar. Umumy okuw sapaklary döwrebap bilim berişiň esasy özeni bolup durýar. Umumy okuw—takyk bir ylmyň kesgitli bölüminiň ýa-da okuw dersiniň mugallym tarapyndan ulgamlaýyn, yzygider beýan edilmegidir. Umumy okuw beýleki söz üsti beýan edilýän usullardan esasy dört sany şert bilen tapawutlanýar. Ýagny, gurluşynyň berkligi, okuw maglumatlarynyň logiki beýan edilişi, berilýän habarlaryň möçberiniň köplügi, bilimleriň ulgamlaýyn şöhlelendirilişi bilen tapawutlanýar.

Göwrümi boýunça umumy okuw doly bir sapak ýada jübütlenen sapak görnüşinde bolýar. Umumy okuwda beýan ediljek tema ýuwaş-ýuwaşdan düşündirişden, söhbetdeşlikden girişilip başlanýar. Umumy okuwyň netijeliligi şu aşakdakylardan ybarat: Mugallym tarapyndan umumy okuwyň meýilnamasynyň jikme-jik taýýarlanylmagy gerekdir. Şeýle hem meýilnama boýunça soraglary logiki yzygiderlilikde beýan etmek zerurdyr. Meýilnamadaky soraglaryň beýanyndan soň gysgaça jemleme we indiki sorag bilen logiki baglanyşygy saklamak gerek. Talyplara temanyň gerek bolan wajyp ýerlerini belläp almaga mümkinçilik hem döretmelidir. Öwrenilýän maglumaty ýeňil kabul edip, düşüner ýaly, görkezme esbaplardan peýdalanmaly. Sapagyň ahyrynda temany jemlemek we şonuň bilen bir hatarda indiki geçiljek tema bilen logiki baglanyşygy döredip goýmak gerek.

Umumy okuw üç bölümden ybarat, ýagny, giriş, beýan etmek we jemleýji bölüm. Giriş bölüminde pedagog-mugallym diňleýjileri sapagy diňlemäge ugrukdyrmaly we gyzyklandyrmaly. Şonuň üçin mugallym temanyň esasy we öňdebaryjy pikirini beýan etmegi başarmaly. Beýan etmek bölümi umumy okuwyň esasy bölegi bolup, onda tema boýunça ähli maglumatlar, meseleler aýdyňlaşdyrylýar. Beýan etmegiň dowamynda piker ýöretmäniň ähli formalary, pedagogic usullar, deliller we subutnamalar ulanylýar. Tema bilen baglanyşykly görkezme esbaplar, gurallar, şekiller bilen beýan edilen tema has aýdyň bolýar. Jemleýji bölüminde temanyň esasy pikirleri gysgaça formalarda umumylaşdyrylýar. Tutuş sapagyň dowamynda ýüzlenilen meseleler boýunça gysgaça sorag-jogap alşylýar.

Mundan başga hem mugallym özünde pedagogik usullary has-da kämilleşdirip durmalydyr. Onuň wajyp düzüjisi dilewarlykdyr. Sözleýiş sungaty — munuň özi ynandyrmak maksady bilen köpçüligiň öňünde gürlemek başarnygydyr. Ol ritorikanyň, hereket etmegiň we psihologiki usullaryň sazlaşykly utgaşmasydyr. Mugallymçylyk jogapkärli kärdir. Şonuň üçin her bir pedagog-mugallym tejribesini kämilleşdirip, öz üstünde işlese , berilýän bilimiň hili has hem ýokarlanar.

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uçurymy.

Abuna tassyklayyş kody: 32469

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.