Ýaşlar bilen diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan

12-05-23

Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalaryndan, multimediýa enjamlaryndan oňat baş çykaryp, döwrebap bilim-terbiýe almagy, özleriniň saýlan hünärleriniň eýeleri bolmagy, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan arassa, ilhalar, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri üçin hemmetaraplaýyn goldaw bermek Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň aladalary bilen güneşli ülkämiziň ruhubelent ýaşlary özleriniň okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri, önjeýli, halal zähmet çekmekleri üçin döredilýän şertlerden, mümkinçiliklerden ruhlanyp ýaşaýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmek we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda öňde goýlan belent wezipeleriň amala aşyrylmagynda ýaş nesillere aýratyn bil baglanylýar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigini belläp, ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny aýtmagynyň gözbaşy hem hut şol ynamdan ugur alýar. Garaşsyz Diýarymyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işlerinde ýaşlaryň ilkinji ädimlerini — başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilýär.

Eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýan ýaşlar hakdaky alada berkarar Watanymyzda hemişe döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde durmuşa geçirilip gelinýär. Hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy ady bilen täzeçil işlere badalga beren täze döwrüň ilkinji pursatlaryndan başlap, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş mümkinçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen tutumlar wezipeleriň uly toplumyny öz içine alýar.

Terbiýe bilen bagly asylly ýörelgeleriň her biri halkymyzyň gadymy däplerinde öz beýanyny tapan özboluşly milli mekdepdir. Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşip, çagalara ýaşlykdan iň gowy gylyk-häsiýetleri öwredipdirler. Täze döwrüň ilkinji pursatlaryndan başlap, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş mümkinçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen tutumlar wezipeleriň uly toplumyny öz içine alýar. Häzirki wagtda ýaşlara jemgyýetiň işjeň bölegi hökmünde garalýar. Olaryň iş, durmuş üpjünçiligi hemişe üns merkezinde saklanýar we döwletimiziň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýaşlaryň ornuna ýokary baha berlip, olaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmeklerine şertler döredilýär. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda hem anyk wezipeler öňe sürüldi

Eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim almagyny, dürli hünärleri öwrenmegini, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyny, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ahlak we beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasyny düzýär. Ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna ynamly gatnaşmagyna, hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine, ylmyň hem tehnologiýalaryň ýokary depginler bilen ösýän döwründe aň-bilim mümkinçilikleriniň, akyl-ukyplylyk döredijiliginiň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan giň möçberli çäreler ýaşlaryň kalbyna merdana ata-babalarymyzyň Watanymyza we halkymyza wepalylyk, milli ruhy-ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, erjellik, maksada okgunlylyk, sagdynlyk, raýatlyk borjuňy berjaý etmek däplerini ornaşdyrmagyny maksat edinýär.

Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleri, alyp barýan parasatly syýasaty, okamaga, öwrenmäge, halal zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri döwür bilen öňe barýan ýaşlary guwandyrýar, buýsandyrýar. Zehinli türkmen ýaşlary dünýä döwletlerinde sanly ulgam arkaly geçirilýän halkara ders bäsleşiklerinde, şeýle-de sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ýaşlar ýurdumyzyň ertirini gurujylardyr. Ýaşlaryň golunda Watan baýdagy, ýüreginde Watan söýgüsi, dilinde Watan aýdymy, Watan we ýaşlar bir-biri bilen sazlaşykly, özboluşly gymmatlykdyr. Ýaşlar biziň geljegimizdir, Watanymyzyň ertirki abraý-mertebesidir. Ýylymyzyň buýsançly şygary ýürekleri hyjuwly, gollary gujurly türkmen ýaşlaryna bolan ynamy, olaryň öňündäki mukaddes borjy, belent jogapkärçiligi özünde jemleýär. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň kalby eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan püre-pürdür.

Beýik işleriň akabasy öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan alyp gaýdýar. Bu günki bolsa beýik işler Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýar. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bagtyýar ýaşlary alkyş aýdýarlar.

Arslan KERIMOW,
T
ürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy Arzy ANNAMYRADOWA.

16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.


16aa91b542ac3b.jpeg
BAGTYÝARLYGYŇ TÄZE BELENTLIKLERI

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şaýolly taryhynda harby, durmuş-ykdysady we medeni-ruhy ösüşler yzygiderli täze basgançaklara göterilýär. Biziň mukaddes Watanymyzda her bir ýyly döwrebap, çeňňekli we çeňňeksiz mazmun bilen şöhlelendirmek, milli buýsanjymyzy arşyň belentliklerine galdyrmak asylly ýörelgä öwrüldi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.