Halypa-şägirtlik ýoly – gadymdan gelýän ýörelge

13-05-23

Halypa äpet bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Halkymyzda «miweli daragt» düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi, halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Her bir ynsan halypa görmezdenem, belli bir ýoly külterläp biler, emma halypalar has uzak menzillere ýetmäge güýç-gaýrat, ynam berip bilýän ynsanlardyr. Özbaşyna alty aýda geçjek ýoluny halypaly adam bir aýda geçip bilýär. Uzak ýyllaryň dowamynda munuň netijeli ugurdygyna göz ýetiren pederlerimiz halypa-şägirtlik ýoluny ýörelge derejesine çykarypdyrlar. Haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, halypa öz ugrunyň alymy hasaplanýar. Taryhdaky alym-akyldarlarymyz hem şeýle menzili — halypa-şägirtlik ýoluny geçen beýik ynsanlardyr.

Arkadagly Serdarymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu babatda pederlerimiziň ýörelge mekdebiniň röwşen ertirleriň ösüş menzillerini nazarlaýandygy şübhesizdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda täze şertlerde ýaşlaryň öňünde duran wezipeleri aýdyň kesgitläp, olaryň eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde çykyş edýändigini, şoňa görä-de, şu günki nesilleriň watansöýüji, ylymly-bilimli, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolmalydygyny belledi.

 Ýaşlar barada edilýän alada we olara bildirilýän ynam ýaş nesliň ýurduň geljekki ösüşi bilen baglanyşykly köptaraply wezipeleri öz üstüne alyp bilýän başarnykly hünärmenler, gowy adamlar bolup ýetişmegini üpjün etmegi nazarlaýar. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde bu ugurda öňde durýan wezipeleriň hukuk esaslary aýdyň kesgitlenen.

Döwrüň, döwletiň beýik ynamyna öz başarnygy we hünäri bilen jogap bermek her bir ýaş adam, hünärmen üçin zerurlykdyr. Bu ynam ýaşlara ylym-bilim berýän, olary durmuşa taýýarlaýan alymlara, professor-mugallymlara hem degişlidir. Bu ynam ussat halypalaryň ýaş nesli ýetişdirmek bilen baglanyşykly işlerine jogapkärçiligini artdyrýar.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr. Munuň özi biziň umumy ýol-ýörelgämiziň, diýmek, hatda ynam-ygtykatymyzyň berkligi bilen hem baglanyşyp gidýär» diýip belleýär. Görşümiz ýaly, hünärli adamy ýetişdirmek ýurduň, döwletiň ykbaly bilen bagly. Ine, şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky başlangyçlaryny, öňe süren oý-pikirlerini bu günki günde üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz munuň, şol sanda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň hünärmenleriň täze neslini ýetişdirmekdäki orny bilen baglanyşykly meseleleriň bu gün uly ähmiýete eýe bolýandygyny belleýär.

Ýurdumyzda milli ylym-bilim mekdebini kemala getirmek, ýaş nesilleriň döwrüň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýokary okuw mekdepleri aýratyn orna eýedir. Biziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň gazanan soňky tehnologiýalary we tehnikalary bilen üpjün edilen  Oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň tejribehanalarynda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Kafedramyzda ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertler döredilendir. Talyp ýaşlaryň şahsy döredijiligini açyp görkezmekde, ylmy gözlegleriň ilkinji basgançaklaryna ugrukdyrmakda örän wajyp işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň ündewlerinden ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde “Halypa-şägirt” gatnaşyklary ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Ylma höwesli talyp ýaşlar halypa sagatlarynda we ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýan ylmy gurnaklarda öz saýlap  alan ylmy temasy boýunça kafedranyň professor-mugallymlarynyň öňünde ýörite sanly oba-hojalyk tehnikalarynyň we multimediýa enjamlarynyň üsti bilen ylmy işiniň täzeçilligi, maksady, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşjak goşandy dogrusynda  çykyş edýärler, halypalardan degerli maslahatlary alýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şöhratly taryhymyzy, ata-baba asylly ýol-ýörelgelerimizi çuňňur öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga, geljekki nesillerimize ýetirmäge giň ýol açdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze döwrebap ýokary okuw mekdepler bina edilip, uzak möhletli milli maksatnamalar kabul edilip, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak — ýaşlarymyzyň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek işleri üstünlikli dowam edýär. Bilimli nesli ýetişdirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Hojadurdy HOJADURDYÝEW,
S.A.Ny
ýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň müdiri.

16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.


TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.