HEREKET HOWPSUZLYGY UGRUNDA
13-09-24
Dünýä ýüzünde düzgünleşdirilen ýol hereketiniň edep kadalaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap düzgünler we talaplar bilen utgaşdyryp ulanmak, berjaý etmek zerurlygy artýar. Çünki Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda iki gyrasyna dürli baglar jäheklenen giň, owadan ýollarymyzda bu gün dürli kysymly ulaglar yzygiderli hereket edýär. “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýip Baş Kanunymyzda kepillendiren döwletimizde köçe-ýol hereketiniň howpsuz we asuda bolmagynyň kanuny esaslary berkidilýär.
Döwrümiziň, döwletimiziň, parahat dünýämiziň ösen şertlerinde kabul edilen ýol kadalaryna laýyklykda ýollardan, köçelerden diňe saga tarap hereket edýärler. Sürüjiler-de, pyýadalar-da bu kadadan ugur alýarlar. Ýolda seresaply bolmak, pyýada üçin ýörite niýetlenen geçelgelerden geçmek, ýol ugrunda goýlan ýolyşyklaryna görä ýol edebini saklamak esasy talaplaryň biri bolup durýar. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň hukuklary we borçlary kanun bilen kesgitlenendir. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň ýollarda howpsuz herekete bolan hukuklarynyň kanun esasynda berkidilmegi adam hukuklary baradaky konstitusion hukuklarymyzyň girewidir.
Biziň her birimiz konstitusion hukuklarymyzdan giňden peýdalanyp, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmelidigimizi, seresaply bolmalydygymyzy unutmaly däldiris. Uly ýaşly adamlaryň köçe-ýol hereketiniň kadalaryny, talaplaryny doly we dogry berjaý etmekleri çagalara görelde bolar. Çagalara köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmekde berilýän öwütleriň täsirini ýokarlandyrar. Maşgalada we bilim-terbiýeçilik edaralarynda bu ugurda geçirilýän söhbetdeşliklerde ýoldan geçilende telefonda gürleşmeli däldigini, ses güýçlendiriji enjamlardan peýdalanmaly däldigini, ulagda barylýarka sürüjä dürli soraglary berip ýa-da haýsydyr bir wakany gürrüň berip ünsüni sowmaly däldigini, uky ýa-da köşeşdiriji serişde ulanyp ýola çykmaly däldigini ýaşlara doly düşündirmelidiris. Ýaşlaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini oňat bilmekleri we doly berjaý etmekleri biziň ýollarymyzyň asudalygyny, ömrümiziň rahatlygyny üpjün eder.
Şu nukdaýnazardan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän biraýlygyň çäklerinde dürli çäreleriň, maslahatlaryň, bu mowzuga degişli bäsleşikleriň guralmagyny belläp geçmek has-da ýakymlydyr. Ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biriniň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçiligine düşünmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler ýokary okuw mekdeplerinde hem hereket edýär.
Garaşsyz Diýarymyzda okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän, ömrümiziň rahat bolmagy üçin gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Mähri GADAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.