Kadaly iýmitlenmegiň düzgünleri
09-06-23
Iýmitlenilende aram iýmitlenmeklik iýmitiň kadaly özleşdirilmeginde möhüm şertdir. Birbada juda köp iýmit iýlende aşgazan gaty doldurylýar. Bu bolsa iýmit bişiriş hadysasyny kynlaşdyrýar we bozýar, çünki bölünip çykarylýan iýmit dargadyjy şireleriň mukdary iýmitde bar bolan hemme ýokumly maddalary dargadyp ýetişmeýär.
Nahar az-azdan günde birnäçe gezek iýilmelidir. Iýmitiň kadaly siňmegi üçin has oňaýly şertler bir gije-gündizde 4 gezek naharlanýan adamlarda döreýär. Bir gije-gündizde iýilmeli iýmitiň 25%-i ertirlik naharynda, 50%-i günortanlyk naharynda, galan 25%-i bolsa öýlänlik we agşamlyk naharlarynda bölünip iýilmelidir.
Nahary her gün belli bir wagtlarda iýmeklik zerurdyr. Iýmitlenmeklik şeýle guralsa iýmiti kabul ediş wagtyna şertli şire bölüp çykaryş pitewasy emele gelýändir. Iýmit siňdiriş şireleri entäk nahar iýlip başlamazyndan öňürti bölünip çykyp başlaýar. Netijede, iýilýän iýmit oňat özleşdirilýär. Agşamlyk nahary ýatmazyňdan birki sagat öň iýmelidir. Eger-de şol aralyk ondan az bolsa iýmitiň kadaly özleşdirilmegine ýaramaz täsir edýär.
Spirtli içgileriň, nikotiniň, narkotik(neşe) maddalarynyň iýmit siňdiriş synalaryna täsiri. Spirtli içgileriň içilmegi, çilim çekilmegi we neşe maddalarynyň peýdalanylmagy iýmit siňdiriş ulgamyna zyýanly täsir edýär. Spirtli içgiler aşgazanyň nemli bardasynyň elmydama gyjyndyrylyp durulmagyny döredýär. Bu bolsa nemiň bol bölünmegine getirýär. Nem aşgazandaky iýmitiň daşyny örtüp, oňa aşgazan şiresiniň barmagyny kynlaşdyrýar. Şonuň üçin hem şeýle adamlaryň aşgazanynda ýokumly maddalaryň dargamasy kynlyk bilen geçýär.
Ondan başga-da spirtli içgileriň köp içilmegi adamlarda agyr we köneleşen aşgazan kesellerini döredýär. Ol adamlar, köplenç köneleşen gastritden-aşgazanyň nemli bardasynyň çişmeginden ejir çekýärler. Spirtli içgiler ýara keseliniň we aşgazan düwünmesiniň, şeýle hem birnäçe beýleki aşgazan keselleriniň döremeginede sebäp bolýar.
Spirtli içgiler iýmitleniş ulgamynyň beýleki synalarynyň hem işini bozýar. Mysal üçin spirtli içgileriň täsirinde bagyr keseli - sirroz döreýär. Nikotiniň we neşe maddalarynyň hem zyýany uludyr. Ol maddalar tüýkülikde eräp aşgazana düşýärler, onuň nemli bardasyny gyjyndyryp çiş emele getirýärler. Nikotiniň täsirinde aşgazanda ýaranyň emele gelmegi damarlaryň gysylma kesellerini ýüze çykmagy seýrek bolmaýar. Aşgazany ýaraly keselleriň 90%-ine çenlisi çilimkeş adamlar hasaplanýar.
Maýsa HALLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.