Talyp ýaşlar alan bilimlerini tejribede özleşdirýärler

03-07-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagy, döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda  hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly-bilimli we sagdyn, ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň talyp ýaşlary okuwda özleşdiren bilimini önümçilikde ornaşdyrmak maksady bilen, önümçilik tejribeliligini geçýärler.    

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesillere döwrebap ylym-bilim bermekde maksada okgunly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň raýat awiasiýa pudagy üçin hem ökde hünärmenleri taýýarlamakda, pudagyň ösüşini has kämil derejelere ýetirmekde, döwrebap, kuwwatly tehnikalar bilen üpjün etmekde, işgärler üçin ýokary amatlykly iş şertlerini döretmekde durmuşa geçirilýän işler hemmeleri buýsandyrýar. Biziň Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasilary institutymyzda hem talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, özleriniň saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmaklygy ugrunda uly aladalar edilýär. Okuw mekdebi okatmagyň ösen ylmy-innowasion tehnologiýalary, interaktiw-multimedia enjamlary, internet toruna birikdirilen kompýuterler bilen doly üpjün edilen. Bu bolsa talyp ýaşlara bilim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna we ylym, bilim, hünär öwrenmeklerine giň ýol açýar. Okuw mekdebinde hereket edýän kitaphana mugallymlaryň, talyplaryň hyzmatynda. Şeýle hem ýokary okuw mekdebinde elektron kitaphananyň işi ýokary derejede ýola goýlan.

Ýokary okuw mekdebinde nazary bilimler bilen bilelikde okuw tejribeligi ýokary hilli alnyp barylýar. Nazary sapaklarda öwrenilen maglumatlary institutda ýörite hereket edýän okuw-tejribe hojalygynda halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda tejribede amal edilýär. Okuw we önümçilik tejribeliklerinde talyplar diňe bir maglumat toplamak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň gazananlarynyň ýola goýluşy bilen tanyşýarlar. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, institutda okuw we önümçilik tejribelikleriniň nazary okuwlar bilen utgaşdyrylyşyny döwrebap guramak hem-de kämilleşdirmek işleri ýörite düzülen iş meýilnamasy esasynda alnyp barylýar. Howa ýollary boýunça içerki we halkara derejesindäki gatnawlary amala aşyrmak, olary sazlamak üçin öz işini ýürekden söýýän, ylym-bilim ýüki ýetik ussat hünärmenler gerek.Bu ugurda talyp ýaşlara halypa-proffesor mugallymlar ýakyndan ýardam berýärler. Şu günler institutymyzyň  1-nji ýyl talyplary okuw tejribeligini, 2,3,4-nji ýyl talyplary bolsa nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik tejribede kämilleşdirýärler. Türkmenistanyň Inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň “Howa ulagynyň ulanylyşy“ kafedrasyna degişli  “Howa hereketiniň dolandyrylyşy”,  “Uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy”,  “Howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak” we “Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak” hünärlerinde okaýan talyplar ýurdumyzyň howa menzillerinde önümçilik tejribeligini geçýärler. Häzirki wagtda önümçilik tejribeligi dowam edýär we bu tejribelik 15-nji iýula çenli dowam eder.

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde raýat awiasiýasyny ösdürmek, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň howa menzilleriň iş usullaryny döwrebaplaşdyrmak ýaly işleri maksat edinip, «Türkmenhowaýollary» agentligi bu ugurda guramaçylykly çäreleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetiň ösüşiniň häzirki ýagdaýy, şeýle hem raýatlarymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy täze halkara howa ugurlarynyň açylmagyny talap edýär. «Türkmenhowaýollary» agentligi tehniki taýdan üpjünçiligi we onuň häzirki zaman uçarlar parky bu wezipäni çözmäge mümkinçilik berýär.

Ýokary okuw mekdebimizde hünär öwrenmek, kämil bilim alyp,Watanymyzyň howa gatnawlarynyň ussat hünärmeni bolup ýetişmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen.Ulag we araganaşyk ulgamy häzirki wagtda döwlet derejesinde has çalt ösýän pudaklaryň hatarynda tanalýar.Hormatly Prezidentimiziň tagalasy bu pudagyň ýylyň-ýylyna täze tehnikalar we ätiýaçlyk şaýlary bilen üsti ýetirilýär. Şeýle döwrebap tehnikalardan baş çykmak bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki  we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyp ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar. Institutymyzda ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalary pudaklary üçin ýokary taýýarlykly hünärmenler ýetişdirilip, olar çylşyrymly tehnologiýaly önümçiligi dolandyrmakda uly işleri bitirýärler. Önümçiligiň jogapkärli wezipelerinde döredijilikli zähmet çekýän uçurymlarymyz biziň guwanjymyz hem-de buýsanjymyzdyr. Sebäbi,  mugallymlarymyz öz taýýarlan ýaş hünärmenlerimiziň jogapkärli wezipelerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna çekýän döredijilikli zähmeti, ata Watanymyza, il-günümize haýyrly adamlar bolup ýetişmekleri institutymyzyň zähmetsöýer mugallymlarynyň tutanýerli zähmetiniň datly miwesidigi guwandyrýar.

Ýokary okuw mekdebini tamamlaýan uçurymlary öz hünär aýratynlyklaryna laýyklykda işe ýollamak wezipesi hem talabalaýyk ýola goýuldy. Uçurymlaryň işe ugradyljak ýerleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen ylalaşylýar hem-de bu babatda degişli işler geçirilýär.

Ajaýyp zamanamyzyň giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza, hormatly Arkadag Prezidentimize, mähriban halkymyza wepaly, zähmetsöýer, maksada okgunly ýaşlarymyz bar. Alym Arkadagymyzyň «Okuwçylar we talyp ýaşlar  döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň-röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmalydyrlar» – diýen sözlerinden ruhlanyp, mukaddes Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza wepaly, ýurdumyzy gülletjek we döwletimiziň abraý-mertebesini ýokarlandyrjak  ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

 Bahtiýar HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.