DÖWLETLI DÖWRÜŇ BAGTYÝAR ÝAŞLARY
15-07-23

Islendik döwrüň kalba ganat berýän pursatlary ömrüň manyly günleriniň maňzyna siňýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hem halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün edýän beýik işler bilen şöhratlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň täze taryhy eýýamda ýaşlara uly ynam bildirmegi döwrüň bedew batly ösüşlerine ganat berýär. Döwletimiziň ýaşlar baradaky syýasatynda ýaş nesliň dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen gatnaşyklaryna hem-de hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 10-njy iýunynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy uly ähmiýete eýedir.
«Ýaşlar mähriban Watanymyzyň geljegidir» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky aladany ünsden düş109ürmeýär.10917 Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Öňdebaryjy halkara tejribeleri milli ýörelgelerimize utgaşyp, ylym-bilimde kämil derejelere ýetilýär.
Döwrüň belent ruhy joşguny bilen öňe barýan ýaşlaryň geljege bolan beýik ynamyny, Watanymyza bolan çäksiz söýgüsini has-da artdyran taryhy wakalaryň naýbaşysy hökmünde geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Döwlet Maslahatynyň ähmiýetini nygtamak gerek. Halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň bagtyýar hem-de abadan durmuşyna gönükdirilen beýik maksatlary öňde goýan bu taryhy maslahat uzak geljegi nazarlaýan döwletli tutumlara badalga berdi. Galkynyşly günlerimizi has-da şuglalandyran Döwlet Maslahatynyň täzeçil wezipeleri ýurduň ähli ugurlar babatda diňe öňe ilerlemelerini göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň bu asylly maksatlary «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini durmuş hakykatyna öwürjek taýsyz tagalladyr.
Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyna ykdysadyýetimiziň çalt depginlerde ösýän, geljegi uly bolan pudaklarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilmegi belent başlangyçlara esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy esasynda ýurdumyzyň elektron senagaty döredilip, ol milli ykdysadyýetimiziň depginli ösýän täze ugruna öwrüldi. Bu bolsa, öz gezeginde, ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmagyň zerurdygyny ýüze çykarýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda täze iş orunlary döredilýär. Munuň özi ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrýar.
Ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda, jemgyýetimiziň ösüş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda ylym-bilim ulgamy berk binýat bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri, geljege gönükdirilen taslamalary amala aşyrmakda zehinli ýaşlar esasy güýje öwrülýär. Şoňa görä-de, ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, pudaklary hünärmenler bilen üpjün etmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri we alymlary taýýarlamak boýunça halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak babatda işler yzygiderli dowam etdirilýär. Türkmenistanda ýaş alymlaryň we hünärmenleriň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlara, forumlara, seminarlara, sergilere, duşuşyklara yzygiderli gatnaşmaklaryna we dünýä tejribelerini öwrenmeklerine giň ýol açylýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiň ýaş alymlary, mugallymlary, inžener-tehnologlary we beýleki hünärmenleridir talyp ýaşlary hem ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlara, okuwlara, internet olimpiadalaryna, kongreslere, duşuşyklara işjeň gatnaşýarlar. Ajaýyp döwrümizde biziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde ýaş nesliň döwrebap hünär öwrenmegi, kämil bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Talyplarymyz owadan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän tehniki serişdeler bilen abzallaşdyrylan binada bilim alýarlar. Talyp ýaşlarymyz nazaryýetde alan bilimlerini barlaghanalarda tejribe geçmek, şeýle-de Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligine degişli edara-kärhanalarda önümçilik tejribeligini geçmek bilen özleşdirýärler. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary okuw we önümçilik tejribesini üstünlikli geçýärler. Ýokary okuw mekdebimiziň barlaghanalary döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň ähli görnüşleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu mümkinçilikler talyplarymyzyň dünýäniň bilim ulgamynyň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Institutymyzda talyp ýaşlarymyza okamak, öwrenmek, döredijilik işi bilen meşgullanmak we kämil hünärmenler bolup ýetişmek üçin döredilýän şertler sanardan köp. Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlarymyza bildirýän bu beýik ynamyny ödemek, biziň mukaddes borjumyzdyr. Biz özümiz barada edilýän aladalara jogap edip, ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrman okamalydyrys, öz bilimimizi yzygiderli kämilleşdirmelidiris.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň gözýetimli, kämil derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri barada täze-täze başlangyçlary öňe sürýärler. Munuň netijesinde döwrebap ylmy-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen bilim ojaklarynyň sany gün geçdigiçe artýar. Olarda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy ýaşlaryň bu ugurda dünýägaraýşyny artdyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň düýp özeninde bagtyýar ýaş nesillerimiziň abadan şu güni, röwşen geljegi babatdaky aladalar durandyr.
Döwlet Baştutanymyzyň kesgitleýän wezipeleriniň ählisi, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Hut şonuň üçin hem Arkadagly Serdarymyza näçe alkyş aýtsak hem az. Eşretli döwrümiziň, ajaýyp döwletimiziň öňünde goýlan beýik maksatlary durmuşa geçirmäge gatnaşmak türkmen ýaşlarynyň esasy ýörelgesi bolar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine has işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi-de döwlet derejesindäki bu aladanyň aýdyň mysalydyr. Bu gün döwletli döwre ýetiren, sowulmaz ýazy getiren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegi baradaky süýji arzuwlar ähli ýaşlaryň dilinde sena bolup ýaňlanýar. Ýeňişli ýollar, belent sepgitler Watanymyzyň badyna bat, abraýyna abraý goşsun!
Bahadyr ROZYKULOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Halypa mugallymy Gurbanmuhammet MÖJEKOW.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.