Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy berkitmek boýunça çäreler görülýär

31-07-26

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, sanly ulgam köp işleri ýeňilleşdirýär, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýär we wagty tygşytlaýar. Şonuň bilen birlikde-de, ondan peýdalanylanda, maglumat we kiberhowpsuzlygyny berjaý etmek esasy talaplaryň biri bolup durýar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistan innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, ýurtda öňdebaryjy sanly tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde işe girizilýän maglumat merkezinde bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Kiberhowpsuzlyk diýlip kibergiňişligiň düzümine degişli ähli bölekleriň ýaramaz netijelere getirip biljek howplardan we täsirlerden ýokary derejede goralmagyny üpjün etmek şertleriniň jemine, ýagny ulgamlary, tehnologiýalary, kompýuterleri, enjamlary hem-de raýatlary bolup biljek howplardan we täsirlerden goramak işlerine aýdylýar. Umuman, maglumat howpsuzlygy maglumatlaryň goraglylygyny, kiberhowpsuzlyk bolsa şol maglumatlaryň ýerleşen sanly ulgamynyň goraglylygyny aňladýar. Şol sebäpli hem olar biri-biri bilen utgaşykly üpjün edilýär.

Häzirki wagtda kiberhowpsuzlyk boýunça ýurtda degişli işleriň alnyp barylýandygy, şol sanda degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilendigini, tejribeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny, okuw sapaklarynyň meýilnamalaryna bu ugruň aýratyn ders hökmünde girizilendigini, edara-kärhanalara döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny we täze hünärleriň hem-de iş orunlarynyň açylandygyny, ilatyň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilýär.

Guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridiki şahslar hem-de bellenen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan, ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara aragatnaşyk boýunça işiň görnüşleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan ygtyýarlylandyryldy. 

Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň häzirki zaman kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, milli kanunçylygymyzy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek babatda hyzmatdaş halkara guramalar bilen degişli okuwlary we maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bu ugurda döwletimiziň hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtlarda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumat tehnologiýalaryny goramak boýunça ulgamlaýyn alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň tejribesi bilen paýlaşmak boýunça degişli işleri yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär. Şunda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi tarapyndan internet ulgamynda kiberhüjümleriň öňüni almak, wajyp infrastrukturalary kiberhüjümlerden goramak ýaly ugurlarda alnyp barylýan işlere we taslamalara ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy maksadalaýyk hasaplanýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen kiberhowpsuzlyk, döwlet we bank hyzmatlaryny, şeýle-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, sanly maliýe ulgamlaryny peýdalanmakda milli hünärmenleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek teklip edilýär. Agzalan ugurlarda bu gurama bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, dürli sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmegi öwrenmek, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary boýunça ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň döwrüň talabydygyny nazara alyp, maglumat tehnologiýasy we kiberhowpsuzlyk boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak möhüm ähmiýetli wezipe bolup durýar.

Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aýjahan SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby.

16a95249a9db24.jpeg
«Türkmenpoçta» Çapar Pay ykjam hyzmatyny ösdürýär


16a95134896aa2.jpeg
Türkmenistanda täze bilim edaralary we çagalar baglary açylar

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze bilim edaralary we çagalar baglary açylyp ulanmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2026-2027-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.


16a9510bce2e9e.png
Türkmenistanda “Elektron söwda hakynda” kanun taslamasy taýýarlanylýar

Türkmenistanda “Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanylýar. Bu barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


16a8fe294a971b.jpeg
Türkmenistanda 1-nji sentýabrda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy başlanýar

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň nobatdaky biraýlygy badalga alar. Bu çäre esaslandyrylan gününden bäri eýýäm on ikinji gezek geçiriler.


16a8fdace185db.jpeg
«Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär

Aşgabatdan çykman, «Adidas» krossowkalaryny, «Zara» köýneklerini ýa-da «Amazon» internet dükanyndan dürli elektron enjamlary sargyt etmek indi geň zat däl, häzirki döwürde bu gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüldi. «Türkmenpoçta» TMDrops hyzmatynyň üsti bilen halkara onlaýn söwdasyny ösdürmegini dowam etdirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.