Sanly ulgam - döwrüň talaby
19-02-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
"Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy" ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, munuň bilen birlikde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ýaly maksatlary öz içine alýar. Sanly ykdysadyýetiň özenini döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň özleşdirilişi, olaryň durmuşa ornaşdyrylyşy hem-de ulanyşy düzýär. Her bir döwlet ykdysadyýetiň sanly ulgamyna geçende, täze ýagdaýlara kybap kanunçylyk binýadynyň, önümçilik serişdelerini hasabatlarynyň ygtybarlylygynyň bolmagyny hem-de internet ornaşdyrýan senagat kärhanalarynyň hukuk goraglylygynyň üpjün edilmegini ýola goýmalydyr.
Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň bu möhüm şertleri doly döredildi. Uly üstünliklere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagyny dowam edýär. Häzirli döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durmuşymyzyň aýratynlyklarynyň birine öwrülýär. Sanly ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi täze tehnologiýalaryň emele gelmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde önüm öndürmek üçin gerekli esasy şert ylym-bilim bolmak bilen birlikde, ony netijeli ulanmak hem zerurdyr. Şoňa görä-de, ýurduň syýasy hem ykdysady güýjüniň ylym-bilim ykdysadyýetinden emele gelýändigi hemmelere aýandyr. Häzirki zaman dünýäsiniň esasy alamatlarynyň biri bolan sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilip, olaryň birinjisi täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrylýan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi bolup, ikinji maksady önümçiligiň sanly ýörelgelerine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar we kompaniýalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir.
Dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem-de giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hem sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda bolsa ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly okuw kitaplary, gollanmalar, wideo-audiomateriallar, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň ösmegine, onuň dünýä derejesine çykarylmagy ugrundaky aladalaryndan nyşan bolup durýar. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, il-ýurt bähbitli tutumly işleri durmuşa geçirýän, ykbaly dünýä halklarynyň alkyşlary bilen bezelen Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Bibijan ARAZOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.