YLYM — KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY
16-10-23
Ylym-bilim diýlende ýurduň ähli ugurlardaky ösüşleri göz öňüňe gelýär. Çünki ylmyň bar ýerinde ykdysady ösüşem, tehniki ösüşem, medeni gatnaşyklardaky ösüşler hem kemala gelýär. Ylym adamyň jemgyýetde özüni alyp barşyna-da, ahlak sypatlaryna-da, sözleýiş medeniýetine-de täsirini ýetirýär. Ylym — kämilligiň gözbaşy. Ylym ömrüň ýagtylygy. Şonuň üçinem ata-babalarymyz ylmyň ýagtylyk nury barada parasatly jümleleri miras galdyrypdyrlar. «Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr», «Akyl iň gözel zynat, ylym iň ýagşy baýlyk», «Ylym egsilmeýän uly hazynadyr. Akyl hiç solmaýan täze lybasdyr», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly müň».
Ata-babalarymyzyň şeýle parasatly ýörelgelerinden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, esasy üns beren ulgamy-da ylym-bilim ulgamy bolupdy. Milli Liderimiz öz çykyşlarynda ähli ösüşleriň gözbaşynda ylym-bilimiň durýandygyny nygtap, «Ylym ähli ösüşleriň özenidir, hamyrmaýasydyr» diýip belleýär. Şeýle-de ähli ulgamlar üçin ýokary derejeli ökde hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň, ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmagyň möhümdigini belleýär. Ylym binýadynyň berkden tutulmagyna uly ähmiýet berýär.
Halkymyzyň ähli döwürlerde-de ylym-bilime uly hormat goýandygyny Seljuk döwletiniň weziri Nyzamylmülküň: »Ylym hazynadan hem gowudyr», akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: »Alymlara uýsaň açylar gözüň, Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen» diýýän sözlerinden hem görýäris. Şunuň ýaly bilim ýoluna çagyryş taryhda näçe diýseň bar. Hormatly Prezidentimiz bolsa ýurdumyzy ösdürýän alymlar babatda: «Alymlar jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir» diýip jaýdar belleýär. Akyldarlaryň belleýşi ýaly, ylym öwrenmek ynsan üçin hiç haçanam giç däl. Bilimi sallançakdan ömrüň ahyryna çenli öwrenmeli. Bilimli bolmak adamzat üçin zerurlyk. Şonuň üçinem bagtyýar zamanamyzda döwrebap bilim almak, dünýä ösüşleri bilen aýakdaş gitmek ýaşlarymyzyň jana-jan borjudyr.
Ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi açyldy. Häzirki zaman ylmy-barlag barlaghanalarynyň toplumyny we bölümleriň birnäçesini özünde jemleýän Tehnologiýalar merkezinde ýurdumyzyň nebit-gaz we mineral serişdeleriniň düzümini öwrenmek, şonuň ýaly-da biotehnologiýalar we nanotehnologiýalar, maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça bölümler, jemi on sany barlaghanalar bar. Şeýle-de bu ýerde Biologiýa we derman ösümlikleri instituty, Gün energiýasy instituty, Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty ýerleşýär. Paýtagtymyzda ýurt Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen açylan Tehnologiýalar merkezi bu gün Garaşsyz Watanymyzda bina bolan ylymlar köşgüne öwrüldi. Türkmen milli Aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy-da ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň aýdyň ösüş ýoluna düşendigini görkezýär.
Mähri KAKABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.