Sanly ulgam — döwrebap ösüşlere giň ýol

21-10-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalary onaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Çünki häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet hyzmatlarynyň sanly ulgama geçilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Döwletimiziň depginli ösüşini artdyrmak we şol sanda durmuş-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi netijesinde, ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ýokary tizlikli ösüşi üpjün edilýär, halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we durmuşyň eşretlerini görüp ýaşamagyna ajaýyp mümkinçilikler açylýar. Adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýe bolan sanly ulgamyň ýurdumyz boýunça esasy ugurlary kesgitlenip, milli bilim, kanunçylyk, şähergurluşyk ulgamlary ýaly pudaklarda uly işler amala aşyryldy we amala aşyrylmagy dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzda sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilmegi bu ugurda Watanymyzyň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hatarynda bolmagyna kepil geçýär. Şu jähtden hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegi, döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegi, sanly ulgamy özleşdirip başarmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda teleköpri arkaly okuwlar, ylmy bäsleşikler geçirilýär. Bular hem öz gözbaşyny «Türkmenistanda 2019 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» birinji tapgyryndan, has dogrusy, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi, onuň binýady, sanly bilim portallary, elektron resminamalary, elektron poçta, uzak aralykdan bilim bermek, ylmy işleri, okuw kitaplaryny, okatmagyň elektron serişdelerini ýola goýmak ýaly talaplardan alyp gaýdýar.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim portaly döredildi. Sanly bilim portaly «Elektron poçta», «Elektron resminamalar», «Okuw», «Ylym we innowasiýa», «Okatmagyň elektron serişdeleri», «Bäsleşikler», «Olimpiadalar», «Sport», «Uzak aralykdan bilim almak», «Elektron kitaphana», «Bildirişler», «Täzelikler» ýaly bölümleri özünde jemleýär.  Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki her günki täzeliklerdir habarlar we täsirli makalalar bilen tanyşmak bolýar. Gazet-žurnallaryň elektron görnüşinden peýdalanýanlaryň sanynyň gün--günden artmagy sanly ulgamyň durmuşymyza berk ornaşýandygyndan habar berýär. Onlaýn gazetleriň we žurnallaryň mümkinçilikleriniň derejesi has-da ýokarlanýar, günüň islendik wagtynda olardan peýdalanyp bolýar. Öýden uzakda ýa-da dürli sebäplere görä gazetdir žurnallary wagtynda alyp bilmeýän bolsak, onda internet toruna birikdirilen telefon we kompýuter arkaly olaryň elektron görnüşlerinden peýdalanyp bilýäris. Şeýle-de ýükläp alan gazet-žurnallarymyzy gerek bolan wagty ulanmak üçin ýörite saklaýjylar arkaly hemişe ýanymyzda götermek hem bolýar.

Sanly tehnologiýalaryň şeýle tiz ösýän, kämilleşýän döwründe adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara dünýä derejesinde bilim bermekde, ylym öwretmekde edýän tagallalary bimöçberdir. Goý, halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

  Sergeý DJGAMAGIA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.