Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
21-10-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Häzirki ýaşlara “Watan” diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri” diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasy öz öňünde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, talyplaryň hünär taýýarlygyny dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmek, ýokary ahlakly, syýasy taýdan kämil, Watana wepaly, zähmetsöýer, dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryndan baş çykaryp bilýän, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işlemäge ukyply hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek ýaly esasy wezipeleri goýýar.
Kafedranyň mugallymlary ähli fakultetlerde we hünärlerde “Türkmenistanyň taryhy”, “Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary”, “Filosofiýa”, “Inžener psihologiýasynyň esaslary”, “Syýasaty öwreniş”, “Ykdysady nazaryýet” we “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” okuw dersleri boýunça umumy we söhbet sapaklary okadýarlar. Şeýle hem, kafedranyň mugallymlary ylmy-barlag, ylmy-amaly we usuly işleri yzygiderli alyp barýarlar. Kafedranyň agzalary talyplary ylmy işlere çekmek işini alyp barýarlar. Olaryň arasynda okadylýan dersler boýunça olimpiadalar geçirilýär, talyplar yzygiderli ylmy gurnaklara çekilýär. Kafedrada mugallymlar bilen ylmy-usuly işler boýunça yzygiderli pikir alyşmalar guralýar. Onda kafedranyň agzalary öz kärdeşleriniň ylmy çykyşlary we habarlary bilen tanyşýarlar. Ylmy-usuly gollanmalary hem taýýarlaýarlar. Bu geçirilýän çäreler mugallymlara özleriniň mugallymçylyk ussatlyklaryny ýokarlandyrmaga we kämilleşdirmäge ýardam edýär.
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professor – mugallymlary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, döwlete degişli bolmadyk edaralar üçin ýokary taýýarlykly hünärmenlerini taýýarlamak baradaky taglymatlaryndan ugur alnyp, tassyklanylan okuw meýilnamalar maksatnamalar esasynda talabalaýyk işler alnyp barylýar. Şeýle-de kafedrada okadylýan dersler, geçirilýän çäreler hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty bilen sazlaşykly durmuşa ornaşdyrylýar, okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär, halkara tejribe esasynda baýlaşdyrylýar.
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynda talyplary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde adam mertebesiniň dabaralanmagy, bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda gatnaşyklarynyň ýola goýluşy dogrusynda bilim bermek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olara edep-terbiýe bermek, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy öwretmek, adam-jemgyýet, jemgyýet-tebigat gatnaşyklaryny düşündirmek, halkymyza, Watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly, watansöýüji, päk ahlakly, giň dünýä garaýyşly kämil şahsyýeti kemala getirmek kafedranyň esasy wezipesi bolup durýar. Kafedra Ulaglar fakultetiniň düzüm bölegi bolmak bilen, institutyň gurluş bölümleriniň biridir. Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professor-mugallymlary institutyň ähli fakultetleriniň hünärmenleri, bakalawrlary we magistrleri üçin “Filosofiýa”, “Sosiologiýa”, “Syýasaty öwreniş”, “Ykdysady nazaryýet”, “Türkmenistanyň taryhy”, “Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary”, “Häzirki zaman türkmen jemgyýeti” okuw dersleri boýunça umumy we söhbet sapaklaryny geçýärler. Jemgyýetçilik ylymlarynyň täze nazaryýet we usulyýet esaslaryndan ugur alyp, kafedranyň mugallymlary ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgerişleri ylmy taýdan esaslandyrmak işine hem işjeň gatnaşýarlar. Geçen ýylda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýakynda institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň garamagynda taryhy, ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşlerini öwrenýän «Gadam» atly gurnagyň işine badalga berildi.
Kafedranyň professor-mugallymlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny, ösüş arkaly parahatçylygy gazanmaklyga goşýan goşandyny, şeýle hem Türkmenistan dadurmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasynda görkezilen wezipeleri wagyz etmek boýunça institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary üçin ylmy seminarlary yzygiderli geçirýärler.
Baýramgeldi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy Gylyçmuhammet JORAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.