Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy
10-11-25
Ýurdumyz dünýä giňişliginde ählumumy abadançylygy we parahatçylygy ugur edinýän başlangyçlary bilen çykyş edip, dünýä jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekýär. Başlangyçlaryň gyzgyn goldawa eýe bolmagy, döwletimiziň abraýyny belende galdyrýar. Bu bolsa belent hormatdyr we ykrarnamadyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň örän oýlanyşykly daşary syýasat ugry oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanmak arkaly, işjeň durmuşa geçirilýär. Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmekde oňyn tejribe gazanan Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň kuwwaty bu günki günde barha artýar. Hoşniýetli goňşuçylyk, ählumumy parahatçylyk, dostluk-doganlyk, birek-birege raýdaşlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk we oňyn bitaraplyk ýörelgeleri türkmen diplomatiýasynyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugrunyň esaslaryny düzýär. Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýy barha artýar. Dünýä jemgyýetçiliginde ýurdumyz açyk gepleşikleri alyp barýan, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmäge we bar bolan meseleleri oňyn çözmäge jogapkärçilikli we ygtybarly çemeleşýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Şunuň bilen baglylykda, ençeme döwletler, köp sanly halkara guramalary ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry. Hut şu taryhy seneden türkmen taryhynda täze tapgyr — Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasynda berkidilen Bitaraplyk döwri badalga aldy. Garaşsyz Türkmenistana Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi berildi. Hut şu esasda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýa kabul edildi. Munuň özi, dünýä giňişliginde Watanymyzyň at-abraýyny barha belende galdyrdy. Döwlet baýdagymyzdan orun alan zeýtun baldajyklarynyň şekli hemişelik Bitaraplyk derejesiniň alamatydyr. Bu şekil uzak taryhy döwürden bäri parahatçylygyň alamaty hasaplanýar.
Ýurdumyz sebitde jedelli meseleleri parahatçylyk ýollar arkaly çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli işleri alyp baryp, bu ugurda türkmen tejribesine eýe bolan ýurt hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi, Bitarap Watanymyzyň Merkezi Aziýada parahatçylyk dörediji döwlet hökmündäki abraýyny barha belende galdyrýar. Alym Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp eserindäki garaýyşlaryna ser salsaň, parahatçylygyň iňňän uly gymmatlykdygyna düşünýärsiň: “Iň uly baýlyk — parahatçylyk. Mal-mülk tapylar, agzybir, asuda ýaşaýşyň bahasy ýokdur. Ýok bolan zadyň öwezini dolup bolmaýar. Parahatçylyk aýalmasa, berbatlyk bolýar. Onuň öwezini asyrlar aşanyndan soňam, dolmak öte kyndyr” diýlip bellenilýär.
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Bitaraplyk ýyllarynda ýurdumyz özüniň daşary syýasatynda ählumumy parahatçylyk we abadançylyk maksatlaryny dünýä aýan etmekde alyp barýan tutumly işleriniň depginini ýokarlandyrdy. Başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döretmegi we belent ykrarnama eýe bolmagy ýurdumyza bildirilýän ynamyň we hormatyň aýdyň güwänamasydyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy, onuň merkezi paýtagty Aşgabat bolsa, şeýle asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginde mynasyp orun alan parahatçylyk söýüjilik merkezi hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ak mermere beslenen paýtagtymyz bütin adamzadyň parahat we howpsuz durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilen asylly işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan şäher hökmünde sebitde we älem giňişliginde ählumumy oňyn maksatlara ýetmegiň we ony üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda parahatçylyk merkezine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, Aşgabat halkara maslahatlary we forumlary yzygiderli geçirýär. Şeýle oňyn netijeleri bu günki günde ähli ugurlarda görýäris. Ýekeje mysal, sport ählumumy dostlugy we parahatçylygy, özara agzybirligi ugur edinip, halklary we milletleriň özara gatnaşyklarynda dostlugy, birek-birege raýdaşlygy berkidýär. Aşgabat bolsa, şeýle oňyn maksatlary durmuşa geçirmekde sebitde we dünýäde uly abraýa eýe boldy.
Milli Liderimiziň öne süren bu başlangyjynyň iş yüzünde durmuşa geçirilmegi gapma-garşylygy peseltmek, çylşyrymly meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomtik ýollar arkaly kadalaşdyrmak, ynanyşmagy, özara düşünişmegi ösdürmek we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak maksady bilen, ýola goýulýan halkara gatnaşyklara kuwwatly itergi berer. Türkmenistanyň Bitaraplygy-munuň özi häzirki döwrüň we biziň geljegimiziň şamçyrag ýaly anyk ugur görkeziji bolup duryar. Onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we mazmunyny baýlaşdyrmak, döwletimizde yaş nesiller üçın döredilýän giň mümkinçilikler, eziz Watanymyzyň geljekki ösüșini üpjün etmekde ylymly, bilimli, giň dünýägaraýysly, ýokary medeniyetli sagdyn nesli kemala getirmek boýunça kabul eden maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, yaşlarda Garaşsyz, hemişelik Birarap döwletimize beyik buýsanjy we çuňňur söygüni ösdürmek maksady bilen, bizin institutymyzda hem Bitaraplyk derejesinin Diyarymyzyň gülläp ösmeginde, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagynda eyeleýän orny barada giň düşündiriş we wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünli dowam etdirýän daşary syýasat taglymaty türkmen Bitaraplygyň nusgasy hökmünde bütin dünýäde giňden ykrar edilýär.
Şeker BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyn Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri.
BILIM ULGAMY ÖSDÜRILÝÄR
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem ösüşlerden-ösüşlere, öňe gidişliklere beslenýär.Ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan has kämil bolmagy üçin köp işler amala aşyrylýar.
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy
22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.