Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
23-10-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär. Döwlet derejesinde nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär. Nesilleri mähir-söýgi bilen gurşap, durmuşda dogry ýola ugrukdyrmak arkaly, terbiýäniň möhüm görnüşlerini ulanmak, çagalaryň kalbyna nusgalyk edep kadalaryny guýmak hemişe-de möhüm bolup durýar. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde maşgalanyň, jemgyýetiň uly orny bar.
Berkarar Diýarymyzda bilimi hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny giňden ulanmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, bilim ulgamynyň işini dünýä tejribesiniň gazananlarynyň derejesinde kämilleşdirmek babatda gysga döwürde bitirilen beýik işler bu gün halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi hem köp babatda ykdysadyýetiň innowasion görnüşiniň kemala getirilmegi bilen pugta baglydyr. Bu möhüm wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň esasy şert bolup durýandygy hemmämize mälimdir.
Bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işleriň ählisiniň düýp özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzda geljekde hem kuwwatly ösüşleri üpjün etmek üçin berk binýady emele getirmek, halkymyzyň eşretli we şöhratly geljegi, ylymly-bilimli, lebzihalal, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek meselesi esasy orunda durýar. Çünki bilim-ylym ynsanyň dünýägaraýşyny ösdürýär, kuwwatyny artdyrýar. Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler bir bitewülige öwrülip, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň yzygiderli ösüşine kuwwatly itergi berýär.
Ýurdumyzda öňe sürlen ykdysady strategiýanyň çäklerinde milli we halkara ähmiýetli iri möçberli maýa goýum taslamalaryň, innowasiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, dünýäniň iň kämil tehniki enjamlary oturdylan kuwwatly täze zawoddyr fabrikleriň gurulmagy, şonuň bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygynyň çäginiň has-da giňemegi halkara derejeli ýokary bilimli hünärmenleriň ýetişdirilmegini şertlendirýär. Halkara derejeli ýokary bilimli hünärmenler döwletimiziň milli bähbitlerine wekilçilik edýärler. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň bilim gorunyň has-da kuwwatlanýandygynyň, ýurdumyzyň bilimler ýurdy hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri halk hojalygynyň ähli ulgamlary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ýaly wajyp wezipäni üstünlikli berjaý edýärler. Ylymly-bilimli nesil jemgyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Hut şu belent maksatlaryň netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy tilsimatlardan baş çykarýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip bilýän hünärmenleriň täze nesli kemala getirilýär. Türkmenistanda ylym-bilim ulgamynyň dolandyrylyşy, maliýeleşdirilişi, gurluşy, hukuk binýady tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyryldy.
Bilimiň täze, has belent sepgitlere ýetirilmegi ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine degişli köpugurly şertleri kemala getirdi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryndan işjeň ýagdaýda peýdalanylmagy ösüşleriň gazanylmagyna we döwletimiziň hemmetaraplaýyn rowaçlanmagyna, önümçiligiň döwrebap düzümleriniň döredilmegine mümkinçilik berdi.
Bu bolsa Watanyň şöhratly ösüşleri, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolýan päk yhlasly, hakyky watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli, ylymly ýaşlarymyzyň ýetişdirilmegine gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegini üpjün etdi. Ýurdumyzyň soňky ösüş ýyllarynda döwrüň talap edýän hünärleri boýunça ata Watanymyzda we onuň çäginden daşarda ýokary bilim alýan ýaşlarymyzyň sany has-da artdy. Elbetde, munuň özi jemgyýetimizde ylmyň we bilimiň gymmatynyň has ýokarydygyny, ýaşlarymyzyň bilim almaga, ylymly bolmaga höwesiniň barha artýandygyny aňladýar. Bu ugurda amala aşyrylýan beýik işler berkarar Diýarymyzda ylym-bilim binýadynyň berkden tutulýandygynyň, ýurdumyzyň şöhratly geljeginiň üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary nstitutymyzy üstünlikli tamamlaýan ýaş hünärmenler ulag we kommumikasiýa ulgamynyň edaralaryna, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, ylmy-barlag institutlaryna işe ýollanýar. Institutymyzyň sanly portalynda okuw kitaplarydyr gollanmalar, okuw dersleri boýunça professor mugallymlaryň audio we wideo ýazgylary goýulýar, kitaphanamyzda we umumyýaşaýyş jaýlarynda sanly bilim portaly we elektron resminama dolanyşygy işe girizildi. Institutymyzyň internet web-saýty döredildi we talyplara elýeterli edildi. Institutymyzyň professor mugallymlary ýokary bilimli, başarnykly hünärmenleri ýetişdirmekde, bu ugurdaky işleri giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda agzybirlikli zähmet çekýärler. Bu bolsa talyplaryň bilim derejesiniň has-da ýokarlanmagynda ähmiýeti örän ýokarydyr. Ýurdumyzda bilimi, ylmy ösdürmäge, watansöýüji ýaşlary ýetişdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!
Mekan ŞUKUROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ÿyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.