Kuwwatly Watanda – bilimli ýaşlar
23-10-23

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga döwlet býujetinden ägirt uly serişdeler goýberilýär. Ýurdumyzda her ýyl döwrebap çagalar baglary, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri gurulýar we döredilýär. Şol bilim edaralarynyň ählisi hem ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, kompýuterler we okuw kitaplary bilen üpjün edilýär. Bu amal edilýän beýik işleriň ählisi, her bir türkmenistanlynyň syýasy, durmuş, ykdysady we ruhy taýdan döwrebap ösüşini, terbiýelenmegini şertlendirýär. Häzirki wagtda ýurdumyz ýaşlaryň bilim derejesiniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, onuň dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek, umuman, bilimlere esaslanýan jemgyýeti gurmak babatda baý tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen hil taýdan täze derejä çykarylan bilim ulgamy ýurdumyzyň şöhratly geljegini üpjün etmegiň ygtybarly ýoluny kemala getirip, bilimleriň, tehnologiýalaryň, intellektual we döredijilik serişdeleriniň işjeň dolanyşygy boýunça täze tapgyry esaslandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi möhüm orny eýeleýär. Geçen gysga döwürde gerimi boýunça haýran galdyrýan işler durmuşa geçirildi — ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ygtybarly döwrebap hukuk binýady döredildi.
Ýaşlaryň ösen ylym, bilim ulgamy hem-de kämil kanunlary bolan jemgyýetde terbiýelenmeginiň, bilim almagynyň özi ýurdumyzyň ägirt uly ösüşlere eýe bolýandygyndan habar berýär. Häzirki wagtda ýaşlardan edilýän talap ýokary. Her bir ýaş nesliň daşary ýurt dillerini bilmegi hem döwrüň talaby. Paýtagtymyzda geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň onlarçasy döredildi we iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap binalar bilen üpjün edildi. Olary üstünlikli tamamlan hünärmenlerimiziň müňlerçesi häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň, medeniýetimiziň dürli pudaklarynda döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Bilimiň ýokary hil derejesinde ösdürilmegi ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny edarakärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde ýerine ýetirilýän düýpli, amaly we tejribe-konstruktorçylyk ylmy-barlag işlerine çekmekde, dünýäniň häzirki zaman ylmy giňişliginde bäsleşige ukyply ýaş alymlaryň neslini kemala getirmekde, ylmy-barlag institutlarynyň, edara-kärhanalarynyň düzümini ýaş alymlar bilen berkitmekde pugta binýady kemala getirmeklige uly ýardam edýändigi hemmämize mälimdir we guwandyryjydyr. «Ýaşlar hemişe kämillige ymtylmalydyrlar. Çünki kämillik ýaşlar üçin iň ýokary derejedir. Ýadawsyz çekilmeli zähmet, kämilleşdirilmeli bilimler we hünärler, özleşdirilmeli tejribeler ýaşlaryň öz-özüni kämilleşdirmeginiň ýolundaky sepgitlerdir.
Kämillik — ynsan durmuşynyň ölçeg daşy, bezegi hem ajaýyplygydyr». Bu sözleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda aýtdy. Bu sargyda wepaly ýaşlarymyzyň halkara derejede gazanýan üstünlikleri ählimizi buýsandyrýar. Institutymyzda mugallymlary, ylmy işgärleri, pudak boýunça alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Ylmy-barlag we okuw merkezi döredildi. Okuw we ylmy işleri ýokary derejede guramakda institutda döredilen maddy-tehniki binýatdan has netijeli peýdalanmaga çalşylýar. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary ylmy-barlaglaryň netijeli bolmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Institutyň tejribeli professor mugallymlary öz ugurlary boýunça dünýäde täze gazanylan ylmy täzelikler, olaryň ýokary netijeleri bilen talyplary we ýaş alymlary yzygiderli tanyşdyrýarlar. Bu bolsa talyplarymyzyň bu ugurda uly öňegidişlikleri gazanmagyna uly ýardam edýär.
Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmak, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli nesli ýetişdirmek ugrunda köpugurly tagalla edýän, ýaşlarymyza giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Nuraly BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ÿyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.