EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – ÄHLIUMUMY DERWAÝYS MESELE

23-04-22

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen badalga berlen ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwürmek işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam edýär. Munuň şeýledigini Hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna girişeninden ilkinji bag ekmek çäresinedn başlanmagynyň özi aýdyňlygy tassyklaýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 22-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan gelip gowşan hoş habar barada hasabatyň berilmegi ähli halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy.

Habar berlişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowuşdy. Bu hem bolsa, Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýandygyna şaýatlyk edýär. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek bolup durýar. Bu köpugurly, toplumlaýyn işde şäher we oba ýerlerini tokaý zolaklaryna öwürmek aýratyn möhümdir. Türkmenistan bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň ýurt derejesindäki işini ulgamlaýyn esasda alyp barýar.

Ýeri gelen-de Köp hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekilendigini aýratyn nygtamak gerek. Bu iş ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün etdi we sebitde arassa howanyň ýokary derejede bolmagyna, tebigatyň abat saklanyp galmagyna goldaw berýär.

Ata Watanymyzyň ähli ýerinde, daglarynda, düzlerinde, çöllerinde ýaşyl ýazyň ýaldyrap gelmegi bilen, daş-töwerek, tebigat janlanýar. Agaçlar ýaşyl donuna bürenip, gülli-gülälekli meýdanlarda otlaryň jana ýakymly, şypa beriji ysy adam ruhuny arşa göterýär, onuň güýjüne güýç, höwesine höwes goşýar. Külli adamzadyň ýüregini joşdurýan saýaly, miweli we bezeg beriji agaçlaryň, gyrymsy ösümlikleriň, ýakymly gülleriň nahallaryny oturtmak, tohumlaryny ekmek işi mukaddes borçdur.

Bagy-bossanlyga öwrülen meýdanlar, tokaýlar bir günde bir gektar meýdanda 200 kilograma çenli arassa kislorody bölüp çykarýar hem-de howany hapalaýjy kömürturşy gazynyň 300 kilograma çenli mukdaryny özleşdirip, howany arassalaýar. Adamlaryň, haýwanlaryň dem almagy, senagat kärhanalarynda, ulag serişdelerinde we beýleki önümçilik işlerinde dürli görnüşli ýangyçlaryň ulanylmagy bilen her ýylda millionlarça tonna kömürturşy gazy howa bölünip çykýar.

Bagy-bossanlyklar açyk ýerler bilen deňeşdirilende daş-töweregiň howasyny 5-100 C derejä çenli peseldýär hem-de howadaky çyglylygy ýokarlandyryp, mylaýym klimatyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Hut şonuň üçin hem gür ilatly ýerleriň, ähli kärhanalaryň, jemgyýetçilik, medeni jaýlaryň, sagaldyş öýleriniň daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrülýär.

Ilaty gür ýaşaýan hem-de bezeg baglary bolmadyk şäherlerde hünärmenleriň geçiren barlaglary boýunça bir kub metr howada 30-40 müň sany zyýanly mikroorganizmler saklanýar. Bagy-bossanlyga öwrülen şäherlerde zyýanly mikroorganizmleriň şeýle göwrümdäki sany 500-e ýetmeýär. Bagy-bossanlykdaky agaçlar howadaky zäherli birleşmeleri, gazlary sorup alýarlar hem-de ony tämizleýärler.

Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän agaçlardan: söwüt, derek, ýasen hlor gazyny, kaştan, kerkaw, dub, igde, arça, çynar ýaly agaçlar zäherli gazlary, radioaktiw birleşmeleri, agyr metallary özleşdirýändikleri, özlerinde toplaýandyklary bilen tapawutlanýarlar.

Bezeg-bag, miweli we saýaly agaçlary diňe bir şäherlerde däl, eýsem, oba ýerlerinde, ekin meýdanlarynyň gyralarynda oturtmak diňe bir saglygy goramakda däl, eýsem, tebigaty goramakda  we önümçiligi ösdürmekde-de düýpli ähmiýete eýedir. Oba ýerlerinde miweli baglaryň, üzümiň, tuduň nahallaryny oturtmak, tohumlaryny ekmek, türkmen bazaryny milli miwe önümleri bilen doldurmakda, ýüpek gurçugyny tut ýapraklary bilen üpjün etmekde bahasyna ýetip bolmajak orny eýeleýär.

Erkin meýdanlarynyň daş-töwereginde meýdan gorag tokaý zolagynyň döredilmegi, oba hojalyk ekinlerini aýazly we aşa yssy epgek ýellerden gorap saklaýar. Ekin meýdanlaryna, ilatyň ýaşaýan ýerlerine, gara we demir ýollara çägäniň syramagynyň, olaryň üstüni ýapmagynyň öňüni alýar. Ylmy tejribeleriň subut etmegi boýunça ekin meýdanlaryndaky meýdan gorag tokaý zolaklary topragyň üstüniň suwuň we ýeliň täsirinde tozdurylmagyna, ýagny eroziýasyna garşy aýgytly çäre bolmak bilen, howanyň aşa gyzmagynyň öňüni alýar, ekinler üçin ýaramly toprak we howa çyglylygyny üpjün edýär. Şonuň üçin hem meýdan gorag tokaý zolaklary döredilen ýerleriň ekinleriniň hasyllylygy 35-40 %-e çenli ýokarlanýar.   

Ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde meýdan-gorag tokaý zolaklarynyň ýene-de bir düýpli ähmiýeti, olaryň toprak şorlamasynyň öňüni almakda, zeýlän ýerleriň minerallaşan duzly suwuny has aşak düşürmekde biologiki drenaž-zeýkeş bolup hyzmat edýänligidir. Duzly ýerlere çydamly garagaç, igde, söwüt, derek ýaly agaçlar bir ýylyň dowamynda ýerasty suwuň derejesini bir metre çenli aşakladyp bilýärler.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen oba hojalyk institutymyzda hem ýörite talyp nahalhanasy döredilip, ol ýerde talyp ýaşlar halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda agaç nahallarynyň dürli görnüşlerini, ýagny eldar sosnasynyň, türkmen, wirgin arçalarynyň, serwiniň, tut agajynyň, Gündogar biotasynyň we beýleki agaçlaryň tohumyndan nahallary ösdürip ýetişdirýärler. Talyplar  tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda miweli agaçlary sapmak, şitilleri, nahallary ösdürip ýetişdirmek boýunça okuw sapaklary bilen bir hatarda ylmy-barlag işlerini geçirýärler hem-de institutymyzyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmekde saldamly goşant goşýarlar. Şeýle-de, ýyladyşhanalarda dürli ajaýyp gülleriň şitillerini ösdürip ýetişdirýärler.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga, lälezarlyga, gülüstanlyga öwürmek her birimiziň ata Watanyň, hormatly Prezidentimiziň öňündäki mukaddes borjumyzdyr. Bu uly ýurt, döwlet derejesinde ähmiýetli hem-de sogap işe her bir adam öz mynasyp goşandyny goşmalydyr.

Akmyrat SAPAROW, 
Türkmen oba hojalyk institutynyň Tebigy bilimler kafedrasynyň mugallymy.

BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.


«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.


16926875026bf9.jpeg
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.