Ýurdumyz beslenýär şöhrat hem şana!
29-10-23

Täze taryhy döwürde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen binýatlyk ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, hormatly Prezidentimiz parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere besleýän giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, eziz ýurdumyzda köptaraply hem häzirki zaman gurluşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek babatda uly işler amal edilýär.
Türkmenistan Diýarymyzda sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup durýan ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň, demir ýollaryň, deňiz portunyň, täze köprüleriň, halkara ülňülerine laýyk gelýän howa menzilleriniň gurulmagy ulag diplomatiýasynyň durmuşa geçirilmegine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, täze iş orunlarynyň döredilmegine, sahawatly türkmen topragymyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara eksport edilmegine ýardam berýär. Ýola goýulýan asylly başlangyçlar netijesinde ulag ulgamynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar, ulag-kommunikasiýa ulgamynda döwletimiz halkara hyzmatdaşlygyna işjeň goşulyşýar, ulag düzümleri we üstaşyr mümkinçilikleri netijeli ulanylyp bu pudagyň ösdürilmegi barada uly alada edilýär.
Bular bilen bir hatarda, mähriban ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan gurluşyk toplumynyň ýokary depginlerde ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Bu ugurdaky işlere örän uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde toplumynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar, pudagyň kärhanalary döwrebap enjamlar, öňdebaryjy sanly we ekologik taýdan arassa tehnologiýalar bilen üpjün edilip, ugurdaş düzümler giňeldilýär, täze iş orunlary döredilýär. Bularyň ählisi Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly ykdysadyýetli, gurluşyk-senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam berýär.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça öňde goýlan belent wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen kabul edilen uzak möhletleýin maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýaşlaryň täzeçil pikirlerine uly üns berilmegi ýaş nesilleriň jogapkärçiligini has hem artdyrýar we täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Ýurdumyzyň gurluşyk-senagat, ulag-kommunikasiýa hem-de beýleki ähli ugurlaryny kuwwatlandyrmak, halkymyzyň bagtyýar geljegi we abadan durmuşy, ata Watanymyzyň gülläp ösüşi babatda uly tagallalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Gurbangeldi ŞÜKÜROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.