ÝAŞ NESLI TERBIÝELEMEKDE KLASSIKI EDEBIÝATYŇ TÄSIRI
30-10-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň meselesi, mertebesi, onuň ahlak häsiýetleri özüniň möhümligi bilen häsiýetlenýär. Çünki ýaş nesliň mertebesi, onuň jemgyýetde tutýan orny onda bilim, ahlak, ruhy-edep gymmatlyklarynyň jemlenmegi bilen baglanyşyklydyr. Ynsan ahlagy, edep-terbiýesi bilen baglanyşykly meseleler biziň edebiýatymyzyň taryhynda, edebi mirasymyzda hem aýratyn orny eýeleýär.
Türkmen halkynyň asylly däpleri, ruhy-ahlak gymmatlyklary, adamkärçilik häsiýetleri bolsa ýaş nesil üçin terbiýeçilik mekdebi bolup durýar. Bu mekdep nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýär, kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň: “Milli mirasymyz ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem halklary birek-birek bilen dostlaşdyrmagyny dowam edýär, kalba-ynam, köňle-ylham paýlaýar. Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen baý medeniýetimize, şöhratly geçmişimize, tanymal şahsyýetlerimize häzirki döwürde aýratyn belent sarpa goýulýar, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň gözbaşy hökmünde ýokary derejedäki täze halkara gatnaşyklaryny ýola gaýmaga ýardam berilýär. Şonuň üçin hem, döwlet syýasatynda, nesil terbiýesinde akyl-paýhaslygyň ajaýyp sazlaşygy bolan mirasymyza, beden we ruhy tämizlige, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini hemişe-de özümize nusga edinýäris” ýaly ajaýyp pähimleri kämil, döwrebap aňly-düşünjeli nesilleri kemala getirmekde dymmatly hazynadyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp ýyllarynyň biri bolup, şu ýylymyzyň “Arkadag Serdarly – bagtyýar ýaşlar” diýlip atlandyrylmagynyň özi, biziň röwşen geljegimiziň kepili bolýan ýaş nesle bildirilýän ynamyň ulydygyny aňladýar. Şol sebäpli hem ýurdumyzy özgertmekde we gülletmekde ýaşlara uly ornuň goýulýandygyny nazara alyp, olaryň ene topragymyzy, ata Watanymyzy jandan söýüp, gözüniň göreji ýaly gorap saklamaga taýýar bolmagy, döwrebap bilim-terbiýe alyp, berk bedenli, ruhy taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli, ahlak taýdan arassa, halkymyzyň däp-dessurlaryna laýyklykda, olarda ýokary ahlak gymmatlyklaryny terbiýelemek möhüm meseleleriň biridir.
Ata-eneler öz perzendiniň edep-terbiýeli, kämil ahlak gymmatlyklaryna eýe, ile-güne peýdaly adam bolup ýetişmegi üçin hemişe aladalanýarlar. Her bir maşgalada tertip düzgün kadaly ýola goýlan ýagdaýynda, çaga ondan görelde alýar. Zähmet çekmek, halal ýaşamak, ile güne hemaýat etmek, wagty peýdaly işlere sarp etmek ýaly häsiýetler durmuşda gündelik görýän zatlarynyň üsti bilen geçýär. Ata-ene maşgalada halal ýörelgäni ýola goýan bolsa, perzent hem şol ýola eýerip, kämil adam bolup ýetişmegi maksat edinýär. Pähimdar ata-babalarymyz edep-terbiýe, däp-dessurlar, ahlak, edim-gylymlar babatda bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak miras galdyrypdyrlar. Klassiki edebiýatyň hem gadymy miras bolmak bilen, şeýle gymmatlyklaryň dünýäsinde Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar Magtymguly Pyragy edebi mirasy nusga alarlyk häsiýetine eýe bolan şahyrdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde klassiki edebiýatyň täsirini beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ser salmak bilen synlalyň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Serdarymyz beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge hem-de onuň belent adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän çuň manyly şygyrlaryny halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga giň ýol açdy. Diýmek, akyldar Şahyryň belent joşguny, çuň ylhama ýugrulan şygyrlarynyň agramly bölegi ynsanlaryň ahlak terbiýesine, ylymly-bilimli bolmagyna bagyşlanýar. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi her bir ene-ata, mugallymdyr terbiýeçi üçin gymmatly hazyna bolup durýar.
Magtymguly Pyragynyň başlangyç terbiýäni pederi Döwletmämmet Azadydan alandygy hemmämize mälimdir. Ol bu barada: “Ylym öwreden ussat kyblam pederdir” diýýär. Magtymguly dürler saçýan kitaplary irginsiz okap, kämillige ýetipdir. Kakasy Döwletmämmet Azadydan, Nyýazguly halypadan alan edep-terbiýesi, bilimi şahyra ýol görkeziji bolup hyzmat edipdir. Şygryýet meýdanynda ussatlyga ýetende, alan terbiýesi onuň üýtgewsiz durmuş ýörelgesine öwrülipdir. Bu ugurda ol kakasynyň edebi däplerine eýerip, ençeme şygyrlary döredipdir. Şahyryň akyl-paýhas akabasynda elenip, zybanynda dür saçan setirler dilden-dile geçip, il-halkyň diliniň senasyna öwrülipdir.
Edep-terbiýe temasy söz ussadynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryň “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýol biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Aýrylma” ýaly onlarça şygry bu ugurda döredilen nusgawy eserlerdir. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly, mert, ar-namysly bolmagy nesihat edip, binamyslary, namartlary ýazgarypdyr. Ol “Gerekdir” diýen şygrynda:
Giň ýerde garga deý bolsun rehimli
Ýerinde hünäri, işi gerekdir
– diýip, ýigidiň göwrüminiň giň, gerekli ýerinde hünäriniň bolmalydygyny, hüşgärligini beýan edipdir. “Il biläni” şygrynda:
Goç ýigide toýdur baýram
Her iş gelse il biläni
– diýip, ynsan gatnaşyklarynyň daýanjy bolan agzybirligi ündeýär.
Şahyr ynsana mahsus bolan oňat häsiýetleri ündände, ýaramaz häsiýetleri ýazgaranda, wagyz-nesihat tärinden ugur alypdyr.
Türkmen ata-baba, dogup-döräp öz mähriban topragy bilen bagry badaşyp ýaşaýar. Ene topragyň, ata Watanyň ezizligi hem şunda, göbek gany daman topragy bilen halkymyzyň nesil daragty gülleýär. Iliň-ýurduň bilen bir jan bir ten bolup ömür sürmek uly mertebe. Magtymguly Pyragy öz ýurduň, iliň bilen hemişe bagryň badaşyp ýaşamalydygyny şeýle ündew edýär:
Mestana ýörinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp-ösen öz ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp, ganatyňdan aýrylma.
Magtymguly oňat gylyk-häsiýetler adamyň bezegi diýip düşünipdir. Olary nesilleriň aňyna ýetirmek arkaly, olarda watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, janypkeşlik, ynsaplylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek söz ussadynyň esasy aladasy bolupdyr.
Dürdäne setirler, wagtyň geçmegi bilen, pähim-parasat nusgasy bolan nakyllara öwrülýär. Nakyllar – ynsanyň durmuş ýoluny kesgitlemekde çelgi, ýol görkeziji, ugrukdyryjy häsiýete eýedir.
Şahyryň “Oglum-Azadym”, “Atamyň”, “Aýrylyp”, “Owazym”, “Nahana geldiň”, “Diş gitmek”, “Behem eder”, “Ata meňzär”, “Köýmän ýigide”, “Syn bilen”, “Märekä barmaz”, “Ölmesden burun” ýaly şygyrlary tutuşlygyna diýen ýaly nakyllara ýugrulandyr. Şahyryň: “Sabyrly gul dura-bara şat bolar” diýen setiriniň halk dilinde nakyla öwrülip gidendigi hemmämize mälimdir. Ýa-da şahyryň:
Boý satyn alyp ýamandan
Baky ondan dynma barmy?
– diýen setirleri “Ýamandan boýuňy satyn al” diýen nakyl bilen manydaşdyr.
Akyldar şahyr edep-terbiýe meselesine ýüzlenende, halk durmuşynyň jümmişine içgin aralaşypdyr. Bu ýagdaý oňa halk durmuşynyň dürli ugurlaryny şygyr galybyna salmaga esas döredipdir. Şonuň üçin-de akyldaryň “Kişi sözlemeýen, syry paş bolmaz”, “Ýeke äriň ömür ady tutulmaz”, “Adam bardyr, bir söze diýseň äşgärdir”, “Ýagşy ýigit ýol ýitirmez” ýaly onlarça setirleri dilden düşmän gelýär.
Akyldar şahyryň edep terbiýe mekdebiniň ruhy gory galyň, güýji-gorabasy kuwwatly. Ol her demde ynsany ýagşylyga ugrukdyrýar, ömrüň manysynyň ýagşy işleri etmek bilen nurlanýandygyny ündeýär:
Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär,
Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar.
Söz sungatynyň beýik ussady özüniň ýiti zehini bilen şygryýet äleminde gymmatly gory döretmek bilen, durmuşda, halkyň ýaşaýşynda ýüze çykýan meselelere aýratyn ünsi çekipdir. Beýik akyldar durmuşy, ýaşaýşy çuňňur öwrenipdir. Şahyr adamzadyň ýaşaýşynyň ýagşy gylyk-häsiýetler bilen bezelmegini isläpdir.
Şahyryň “At ýanynda bellidir” goşgusynda:
Eşek özün egsik saýmaz bedewden,
Gymmat etseň, at ýanynda bellidir,
Bedew diýgeç, hemme bedew deň bolmaz,
Çyn bedewler meýdanynda bellidir
– diýen ajaýyp setirinde diňe bir ýaş nesle däl, eýsem tutuş adamzada öwrenerlik ägirt uly manyly durmuş pelsepesi bar. Magtymguly Pyragy adamlaryň, aýratyn hem, ýaşlaryň durmuşda özlerini nähili alyp barmalydyklaryny öwredipdir. Olaryň edepli-terbiýeli, dogumly-gaýratly, süýji sözli, zähmetsöýer, myhmanparaz bolmaklaryny öwüt-nesihat edipdir:
Döwlet gonsa goç ýigidiň başynda,
Hemaýatly ili gerek daşynda,
Ýigit özün maglum eder işinde,
Gylyjynda, zybanynda bellidir.
Şahyr öz şygyrlarynyň üsti bilen mert ýigidiň häsiýetiniň ajaýyp nusgasyny döredýär. Ol adamyň kämilliginiň öz-özüne bolan gatnaşykdan başlanýandygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, adama nähili ahlak ýörelgeleri bilen ýaşamalydygyny hem salgy berýär.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda häsiýetlendirilýän mert ýigide gylyçdan beter ahlak, ynsan ölçegleri mahsusdyr. Bu ýerde mertlik diýen düşünje täze many-mazmuna eýedir: “Mert göwnünde daýym namys-ar artar...” Mertlik – durmuşdaky adam gatnaşyklarynyň hadysasy. Akyldaryň mertlik düşünjesinde harby many ikinji orunda bolup, birinji orunda ruhy-ahlak gymmatlyklary durýar. Magtymguly Pyragy mert ýigit diýip, il-ýurduny, Watanyny söýýän, türkmene mahsus bolan häsiýetleri özünde jemleýän ýigitleri göz öňünde tutýar. Pyragynyň döredijiliginde ruhy-ahlak gymmatlyklary öwüt-nesihatlaryň üsti bilen beýan edilýär:
Adam ogly bu dünýäden ötinçäň,
At biken abraýy alan ýagşydyr, ýa-da:
Ýagşylykda ile özün tanadan,
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.
Magtymguly Pyragy her bir perzendiň öz ene-atasynyň öňündäki borjuny ussatlyk bilen düşündirýär:
Hudaý berse sagadatly bir perzent,
Garrygan çagyňda ýaş eder seni.
Şahyr mylakatly bolmak, ulyny sylamak, oňa hormat goýmak, arzylamak, olaryň sarpasyny belent saklamak barada hem öwüt-nesihat edýär:
Edebiň ýagşysy ulyny syla,
Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz.
Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihatlary kesgitli we uly mana eýe bolup, onuň goşgularynda millilik, ynsana mahsus häsiýetler, durmuş kadalary, giň dünýägaraýyş hem-de ahlak terbiýesine laýyk dürdäneler beýan edilýär. Şahyryň öwüt-nesihat we ahlak häsiýetli şygyrlarynda halkyň durmuşynda duş gelýän däp-dessurlaryň köpçülige peýdaly oňat taraplary hem nesihat edilýär.
Şahyr dostlugyň, myhmansöýerligiň, dogruçyllygyň, agzybirligiň we ş.m. gowy häsiýetleriň şahsyýetde terbiýelenmegini isläpdir, myhmansöýerlik häsiýetiniň tarapyny tutupdyr:
Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.
Bu setirlerde mert ýigitleriň myhmansöýerligi, sahylygy suratlandyrylýar. Şahyr:
Gelen aş diýip gelmez, turşatmagyl ýüz,
Nana mätäç däldir, söze myhmandyr, ýa-da:
Özi Hatam bolup, ýene baý bolsa,
Çar tarapdan myhman gelişin görüň
– diýen setirlerinde türkmeniň myhmançylyk däbini has-da aýdyň beýan edýär, myhmany güler ýüz, şirin söz bilen garşylamagyň juda möhümdigini belleýär.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy döredijiliginiň dowamynda ynsanyň ýagşy işe gulluk edip, çyn sözli bolmak bilen, öwüt-ündewe gulak asmagyny wagyz eden ussatdyr. Muny şahyryň:
Sözümi diňlese bir bilen, belke,
Myradym nesihat etmekdir halka
– diýen setirleri hem doly subut edýär.
Şahyr üçin Watan, toprak hemme zatdan zyýada. Ynsan ogly göbek gany daman topragyny jany-teni bilen söýmeli. Bu babatda onuň özi il-ulusyna görelde. Şonuň üçin-de, şahyr köňül köýünden çykýan duýgusyny şirin zybanyna getirip: “Istemez men ol behişti, behişt mekanym bar meniň” diýýär.
Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip, gidiji bolma!
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma!
– diýýän şahyr üçin, öz küýsegli mekanyndan mährem toprak ýok. Eger şahyr saý-sebäp bilen öz dogduk mekanyndan uzaga gidäýse hem, debsi-dähet oňa ýetmäniň arzuwy bilen ýaşaýar:
Möwlam, ýetir mesgenime, ýurduma,
Ýüzüm düşsün arslanyma, gurduma,
Magtymguly aýdar, meniň derdime,
Dünýäniň tebibi – Lukman şypa ber!
Akyldar şahyr eziz topragynyň gaýym binasyny, onuň tebigy gözelligini şygryýetiniň gudratly güýji bilen beýan edipdir. Meselem, ol “Türkmen binasy” atly şygrynda:
Gurdugym aslynda bigil, bu zeminiň myhydyr.
Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy
– diýip, onuň sarsmaz mizemezligini beýan etse, “Türkmeniň” şygrynda:
Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň
– diýip, topragynyň gözellik bilen gurşalandygyny beýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjiligi, ýurt abadançylygyny goramakdaky tagallalary bilen dünýäde tanalýan türkmen halkynyň ruhy bitewüligi, geljege umydy Magtymguly şahyryň filosofiýasy bilen berk sazlaşygy emele getirýär. Bu barada hormatly Arkadagymyzyň: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyzyň asyrlar aşyp gelen isleg-arzuwlary hasyl bolup, agzybir halkymyz bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýar. Bu gün Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne goşgulary watançylygyň, ynsanperwerligiň we döwletliligiň waspyna öwrülip, dünýä dillerinde belent ýaňlanýar” diýen ajaýyp sözleri ýurdumyzyň bilim işgärleri üçin ajaýyp terbiýeçilik mekdebidir. Pyraga goýulýan uly hormatyň şaýatnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligini içgin öwrenmek, durmuşda peýdalanmak, seýle-de ol şygyrlaryň kömegi bilen ýaş nesli iň gowy gylyk-häsiýetlerde terbiýeläp ýetişdirmek her birimiziň borjumyzdyr.
Alimerdan AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Logistika hünariniň 2- nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.