Ýaşlar baradaky alada — döwlet syýasatymyzyň esasy ugry
30-10-23
Ösüp gelýän ýaş nesiller döwletimiziň daýanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenen döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almaklary üçin hemme şertler döredildi.Ýurdumyzyň bedew batly depginini mundan beýläk hem dowam etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň bolup ýetişmekleri möhümdir. Häzirki wagtda Türkmenistanda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň gaýtalanmajak tebigatyna söýgi, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwrüň talabyna görä, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň baş maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer.
Ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Ösüşler bolsa täze pikirleri talap edýär. Täze pikirler bolsa hemişe sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer adamlara mahsus häsiýetdir. Şeýle häsiýetleriň Watanyň, halkyň abraýyny öz buýsanjy hasaplaýan nurana ýaşlarymyzda kemala gelendigini aýtmak gerek.
Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, ylymly, bilimli nesiller hökmünde kemala gelmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde syýasy taýdan sowatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, öz jogapkärçiligini duýýan, taryhyna we milli gymmatlyklaryna sarpa goýýan, zähmetsöýer, ýaramaz endikleri bolmadyk, hakyky watançy nesilleri terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Bu babatda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, çagalar baglarynda alnyp barylýan işler öz oňyn netijelerini berýär.
Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlygyňdyr rowaçlygyň gözbaşy bolan ylym-bilim döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan esasy ulgamydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara we öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, Garaşsyz Watanymyz okgunly ösýär. Eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri guruldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. Ata Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Beýik özgertmeleri, işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Orazmuhammet ATANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.