Ýaşlar syýasaty: ýagty geljegiň binýady
30-10-23
Milli aňyýetini kämilleşdirip, nesilleri agzybirlik bilen bir maksadyň daşynda jebisleşdirip, gurmak, döretmek, abadançylygy berkarar etmek babatdaky beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýan, geljekki ösüş meýilnamalarynyň özeninde Watanyň we nesilleriň dowamat-dowam bolmagyny üpjün edýän zerurlyklary goýmagy başarýan halklaryň geljegi röwşendir. Bu hakykaty taryhy tejribeler tassyklaýar. Her bir döwletiň geljekki ykbaly onuň raýatlarynyň ukyp-başarnygyndan, zähmetinden, döredijiliginden, durmuş-ykdysady ösüşlere mynasyp goşant goşmaga taýýarlygyndan gözbaş alýar. Döwrümiziň durmuş-ykdysady ösüşleri, ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýaşaýyş-durmuş görkezijileri, jemgyýetiň agzybirligi bu günki nesliň döredijilik kuwwatyny görkezýär.
Eziz Watanymyzyň ösmeginde, döwrümiziň gözelleşmeginde her bir raýatyň mynasyp paýy bar. Ýurduň durnukly we howpsuz ösüşini üpjün etmekde ýaşlara aýratyn orun degişlidir. Çünki Türkmenistanyň ilatynyň ep-esli bölegini ýaşlaryň düzýändigi nukdaýnazaryndan, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlar örän işjeň, jemgyýetiň öňünde durýan meseleleriň çözülmeginde gyzyklanýan uly güýç bolup durýar. Döwletiň ýaşlar syýasaty — bu ýaşlar bilen döwletiň arasyndaky gatnaşygy sazlamak boýunça döwletiň alyp barýan içerki syýasatydyr. Ýaşlaryň döwlet syýasaty ykdysady-hukuk meseleleri babatynda ýaşlaryň isleglerini durmuşa geçirmek üçin zerur bolan şertleri döretmek, täze ykdysady gatnaşyklaryň şertlerinde olaryň zähmet baradaky hukuklaryny goramak, ýaşlaryň okuwdan zähmete sazlaşykly ýagdaýda geçmegini üpjün etmek, ýaş hünärmenleriň we ýokary hünärli ýaş işçileriň iş bilen üpjünçiligini kepillendirmek ýaly wezipeleriň çözgüdini öz içine alýar.
Ýaşlara bolan gatnaşyk hemişe döwlet we jemgyýet üçin möhüm bolup durandygy sebäpli ol hemişe öz derwaýyslygyny ýitirmeýär. Bu gatnaşyk täze nesliň, jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň ýeten derejesini özünde birleşdirýär we munuň bilen baglylykda dürli ugurlarda ýüze çykýar. Olar, birinjiden, ýaşlaryň jemgyýetiň durmuşyny we döwlet dolandyryşyny nähili kabul edişinde; ikinjiden, ýaş nesliň jemgyýetçilik ösüşine we döwletiň işine nähili goşant goşýandygynda we şunuň bilen baglylykda, ýaşuly nesliň ýaşlara bolan gatnaşygynyň nähilidiginde ýüze çykýar. Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň döwlet dolandyryşyna gatnaşmaga mümkinçilik döredilýändigi we jemgyýetçilik işlerinde işjeňligi bu meseläniň üstünlikli çözülýändigini görkezýär. Dürli ugurlarda, pudaklarda öz bilimlerini artdyrmaga, hünärlerini kämilleşdirmäge ukyply, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan, jemgyýetçilik guramalarynda işjeň hereket edýän ýaşlarda milli ösüşe mynasyp goşantlaryny goşmak höwesiniň möwç urýandygyna şaýatlyk edýär. Ýaşuly nesliň ýaşlara uly umyt bilen garamagy, döwletli maslahatlarda ýaşlaryň adyna beýik ynama ýugrulan sözleriň aýdylmagy, ýaşlaryň başlangyçlarynyň goldanylmagy jemgyýetde nesilleriň özara hormat-sylaga, ynama esaslanan arabaglanyşygynyň ýokary derejesiniň berkarar edilendigine güwä geçýär. Bu bolsa, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň ýokary netijeliligini görkezýär.
Ýaşlar bilen gatnaşyk öz-özünden ösýän ugur däldir, olaryň gündelik durmuşy we ertirki gün üçin gursaklarynda besleýän maksat-myratlary, arzuw-umytlary häzirki bar bolan durmuş-ykdysady we syýasy şertlere, hereket edýän maksatnamalaryň netijeliligine baglydyr. Şolaryň üstünligine laýyklykda, ýaşlar geçmişi, şu güni we geljegi özünde jemleýän mukaddes köpri hökmünde, öz ukyp-başarnyklaryny ösdürip, atalardan miras galan gymmatlyklara eýe çykmaga ukyply güýç hökmünde öňe çykýarlar. Ýaşlarda eziz Watanymyzyň geljegi üçin jogapkärçiligiň emele gelmeginiň hem öz şertleri bardyr. Olar ýaşlaryň jemgyýeti ösdürmäge gönüden-göni gatnaşmak mümkinçilikleri, durmuş-ykdysady ösüşiň ýaşlaryň giň gatlagyna täsir etmegi, syýasy we ykdysady ulgamlarda ýaş raýatlaryň we çagalaryň hukuklarynyň giňeldilmegi, olaryň maglumat üpjünçiligine goldaw bermek, dolandyryş meselelerinde, şol sanda ykdysady we durmuş meseleleri boýunça meýilnamalar düzülende, pikirleri öwrenmek we olary hasaba almak ýaly ugurlary öz içine alýar.
Ýaşlaryň watansöýüji adamlar bolup, il-halk, ýurduň geljekki ösüşi üçin halal zähmet çekmekleri bu günki terbiýä we ýaşlar syýasatynyň many-mazmunyna bagly bolýandygy gümansyzdyr. Her birimiz üçin nusga alarlyk wezipeleriň başyny başlap, ýaş nesliň watansöýüji wekili hökmünde öňe çykan we ýurdumyzyň, halkymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli öňe sürýän işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Annamuhammet GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.