Milli manadyň dolanyşyga girizilmegine 30 ýyl
30-10-23
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, döwletliligimiziň esasy nyşanlarynyň biri-de milli manadymyzdyr. Şu ýyl milli manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl dolýar. Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýurtda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.
Garaşsyz döwletimiz ykdysady gatnaşyklaryň halkara mehanizmine işjeň goşulan ýurt hökmünde tanalýar. Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti tarapyndan türkmen döwletiniň häzirki döwürde gazanýan ykdysady ösüşlerine oňyn bahalar berilýär. Munuň özi, ilki bilen milli pulumyzyň ähmiýetine baglydyr. Milli manadymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we halkyň eşretli, bolelin durmuşyny üpjün etmegiň zerur guralyna öwrüldi.
Bazar ykdysadyýetine üstünlikli geçmekde we milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini berkitmekde öz pul birligimiziň ähmiýeti örän uly boldy. Manat döwletimiziň gurluş esaslaryny hem berkitdi, onuň halkara derejesindäki abraý-mertebesiniň ýokarlanmagyna getirdi. Milli manadymyz döwletimiziň ykdysadyýetini, onuň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşdy.Milli pul birligimiziň durnukly hereket etmegi köp babatda ýurdumyzyň bank ulgamynyň işjeňligine, onuň müşderilerine hödürleýän amallarynyň we hyzmatlarynyň görnüşlerine, hiline, şonuň ýaly hem töleg-hasaplaşyk işiniň ýola goýluşyna we oňa yzygiderli gözegçilige baglydyr. Häzirki döwürde bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylygynda dünýäniň ösen döwletleriniň we halkara maliýe-karz guramalarynyň baý tejribesini öwrenmek arkaly degişlilikde ýurdumyzyň bank ulgamyna ornaşdyrmak hem-de bank hünärmenleriniň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy ýaly guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çägi has-da giňeldildi.
Milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly düýpli çäreleriň yzygiderli amala aşyrylmagy bolsa milli manadymyzyň abraýyny has-da beýgeltdi. Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde geçirilen bu pul çalşygy ykdysady ösüşiň ilerlemegine görnetin täsirini ýetirdi.Şu geçen ýyllaryň içinde türkmen manady diňe bir milli buýsanjymyz bolman, eýsem, ol durmuş-ykdysady ösüşiň belent sepgitlerine ýetmekde wajyp orun eýeledi. Häzirki wagtda milli manadymyz ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýan, garaşsyzlygymyzy, döwletliligimizi şöhlelendirýän özboluşly nyşanlaryň biri hökmünde göz öňümizde janlanýar. Ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi bilen şu geçen 30 ýyllyk taryhy ýol ýurdumyzyň maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüşlere we amala aşyrylan ajaýyp özgertmelere şaýatlyk edýär.
2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Manadyň goraglylygyny we satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak hem-de halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen çäreleriň netijesinde, 2012, 2014, 2017-nji ýyllarda modifisirlenen banknotlaryň dolanyşyga girizilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimizi, ähli ildeşlerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys! Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Güýçgeldi BEGMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.