Bilim ulgamynyň döwrebap ösüşi

31-10-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär, ýaşlar hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda hem esasy orunda durýar. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyz ata Watanymyzyň geljegini şu günki bagtyýar ýaşlarda görýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzy ähli ugurlarda depginli ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mekdepleriň okuw-usuly taýdan üpjün edilişini gowulandyrmak we mugallymlary taýýarlamak bilen bagly hem anyk wezipeler kesgitlenildi.

Ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde mugallymlara möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamynda halkymyzyň däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri yzygiderli ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaşlara okamaga, döretmäge, öz zehinlerini açyp görkezmäge ähli şertler döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda bitirilen beýik işler sanardan köpdür. Täze döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurulmagy muňa doly şaýatlyk edýär. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, dünýäniň dürli ýurtlarynda halkara derejede geçirilýän ýaryşlara, dünýä çempionatlaryna gatnaşyp baýrakly orunlara eýe bolmagy hem ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalaryň ajaýyp miwesidir.

Ýurdumyzda kämil tehniki enjamlar bilen üpjün edilen umumybilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriň, ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň gurulmagy, öňden hereket edýänleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, bilim berlişiniň kämilleşdirilmegi, ýokary hilli okuw gollanmalarydyr kitaplar bilen yzygiderli üpjün edilmegi — bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky aladalarynyň möhüm ugrudyr.

Milli bilim-ylym ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek we hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek babatda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Orazmuhammet GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.