TARYHY ÝADYGÄRLIKLER — BUÝSANÇLY MIRASYMYZ
01-11-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, öwrenmek we saklap galmak meseleleri bilen meşgullanýar, onuň üstüne Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan milli taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça ýörite ygtyýarly döwlet edarasynyň wezipesi ýüklenendir. Ýurdumyzyň hökümeti milli ýadygärlikleri saklap galmaga we goramaga, şeýle hem bu pudagyň hünärmenleriniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin onuň hukuk binýadyny döretmäge uly üns berýär. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý mekan hasaplanýar. Ýurdumyzda medeni ýadygärlikleriň iň gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar hem özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda taryhy-medeni ýadygärlik toplumlary ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul galalarynda, Merw ýadygärlikler toplumynda haýran galarlyk täsinlikleri görmek bolýar. Aýratyn hem, Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Gökjükdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe, Ýylgynlydepe ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri geçirildi we geçirilýär. Ol ýerlerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy bilen akylyňy haýran edýär. Mundan başga-da, Yzmykşir, Köneürgenç ýadygärlikler toplumy, Ysmamyt ata, Aksaraýdiň, Seýitjemaleddin metjidi, Sarahs galasy, Soltan Sanjaryň aramgähi ýaly başga-da birnäçe taryhy-medeni binalar Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklere juda baý ülkedigini subut edýär. Ýadygärlik binalaryň arhitektura gurluşy we ol ýerlerden tapylan tapyndylar biziň ata-babalarymyzyň juda sowatly, medeniýetli halk bolandygyny subut edýär.
Ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek, wagyz etmek boýunça halkara ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bu ylmy duşuşyklar iri halkara guramalar — Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, ilkinji nobatda bolsa, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýän Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde Türkmenistandaky täsin ýadygärlikleriň birnäçesi: gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmenistan dünýä giňişliginde geografik taýdan örän bähbitli, amatly orunda ýerleşendir. Müňlerçe ýyl medeniýetiň, bilimiň köprüsi bolup, ynsan gatnaşyklarynyň binýady hökmünde Gündogar bilen Günbataryň ykdysady, medeni ösüşleriniň deňagramlygyny saklap gelipdir. Hut şoňa görä-de, ata-babalarymyz syýasy, ykdysady we medeni babatlarda döwletleriň ählisiniň gatnaşyklaryny öz üstünden geçiripdir. Gadym döwürden ata Watanymyz baý medeni mirasyň we ruhy gymmatlyklarymyzyň pajarlap ösmeginiň esasy daýanjy bolupdyr. Ençeme gadymy galalary, köşkleri, kerwensaraýlary bolan bu toprakdaky medeni ýadygärlikler, gymmatly edebi miras geçmiş taryhymyzyň, ata-babalarymyzyň şu günki nesline galdyran baý hazynasydyr, ruhy daýanjydyr. Gurlan döwrüniň medeniýetini, sungatyny özlerine siňdirip, ýalkym saçýan galalar, köşkler, metjitdir medreseler, kerwensaraýlar öz döwründe syýasy we jemgyýetçilik desgalary bolupdyr. Olar desgalaryň berk bolmagy üçin, şol döwrüň ymaratçylary tarapyndan ylmy taýdan öwrenilip gurlupdyr hem-de sungatyň syrly täsinligini özünde jemläpdir. Şonuň netijesinde, binýadynyň berkligi bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. Munuň özi gadymyýeti ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilik döredýär.
Ýurdumyza gelýän jahankeşdeler bu ýadygärliklere aýlanyp, gadymy kerpiç örülişiniň täsinligine, nagyş nusgalarynyň çeperçiligine, reňkleriniň öwüşginliligine, ölçegleriniň takyklygyna haýran galýarlar. Ýurdumyzyň çägindäki ýadygärlikler adamzadyň maddy medeniýetini öwrenýän alymlara öz baý tapyndylary bilen begendirip, taryhyň gatynda gizlenip galan syrlary açmaga, gadym zamandaky medeni gatnaşyklaryň häsiýetini we dünýä taryhynda tutýan ornuny aýdyňlaşdyrmaga kömek edýär. Gadymy galalaryň çäginde geçirilen düýpli gazuw-agtaryş işleriň netijesinde, suw geçiriji keramiki akabalaryň tapylmagy bolsa şol döwürlerde eýýäm Gündogarda şäher medeniýetiniň kemala gelendigini aňladýar. Toýundan ýasalyp, bişirilen şekiller, möhürler, daşdan ýonulyp ýasalan täsin tapyndylar ruhy medeniýetiň ösüş ajaýyplyklaryny şöhlelendirýär. Olaryň daşky görnüşi, hili, nagyşlary häzir hem görenleri haýran galdyryp, ata-babalarymyzyň ösen medeniýetleri döredendigine, döredijilikli ýaşamagy başarandyklaryna güwä geçýär. Şeýle hem gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn gorap saklamaga, ösdürmäge we baýlaşdyrmaga, dünýä halklaryny medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanç duýgularyny joşdurýar.
Mähriban MYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyñ taryh mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.